
Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze A-98 benziniň öndürilip başlanandygy barada habar beripdik. Bu benzin degişli synaglardan şowly geçdi.
Täze önüm üçin 1400 tonnadan gowrak ýöriteleşdirilen çig maldan 14,36 tonna benziniň senagat tapgyry taýýarlanyldy. Ýeri gelende aýtsak, täze önümiň hil görkezijilerini Ýewropa standartlarynyň ekologiki talaplaryna laýyk getirmek üçin, bu ýerdäki awtoulag benzinleriniň komponentlerini öndürýän desgalaryň işleýiş kadalaryna üýtgetmeler girizildi.
Kärhananyň tejribeli hünärmenleriniň gürrüň bermegine görä, ýerli şertlerde geçirilen synaglar täze önümiň ekologiýa taýdan arassalygyny, önümçilik üçin ygtybarlydygyny kesgitledi. Şeýle-de Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ahal welaýatyndaky Gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümçilik enjamlarynda geçirilen kämil synaglar täze görnüşli benziniň döwletara standartynyň K-5 ekologiki we Euro-6 talaplaryna laýyk gelýändigini subut etdi. Synag döwründe amala aşyrylan tapgyrlaýyn takyk işleriň ählisi-de garaşylýan netijeleri berdi. Şeýlelikde etillenmedik täze önümiň düzümindäki benzolyň, aromatiki uglewodorodlaryň we olefinleriň mukdary Niderland patyşalygynyň Saýbolt kompaniýasynyň barlaghanasynyň synagyndan hem şowly geçdi.
«TürkmenGazet».



