Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň halkara görkezijiniň sanawyna – «THE World Young University Rankings-2022» girizildi.
Her ýyllyk halkara görkezijiniň sanawyna «Times Higher Education (THE)» britan žurnaly çap etdi. Onda döredilenine 50 ýyl we ondan az wagt geçen dünýäniň iň tapawutly ýokary okuw jaýlarynyň sanawy düzülýär. Sanawa girizilmezden öň ýokary okuw mekdeplerine netijeliliginiň dürli görkezijileri, şol sanda bilim bermek, ylmy barlaglar we halkara gatnaşyklary ýaly ugurlar boýunça baha berilýär.
Bu türkmen ýokary okuw mekdebi sanawa «habarçy» derejesi bilen girizildi. 2022-nji ýylyň sanawynda jemi 539 uniwersitet görkezildi, geçen ýyl olaryň sany 475-di.
Şeýle-de bu ýokary okuw mekdep uniwersitetleriň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem daşky gurşawy goramakda durnukly ösüşe ýardam etmäge ygralylygyny kesgitleýän «UI Green Metric World University Ranking» dünýä görkezijisiniň sanawyna girizildi.
«TürkmenGazet».
Bir Yorum