BlogSlider

Ýagyş ýagandan soňra…

25-02-2022 / 13

Haçan-da ýagyş ýagandan soňra howada ýakymly ys peýda bolýar. Käbir adamlar bu ysy “ýagşyň ysy” diýip hasaplaýarlar. Ýöne bu beýle däl.

Ýagyş suwdan ybarat. Suwda reňkiň we ysyň ýokdugy bize ozaldan mälim bolsa gerek. Ýagyşdan soňra topragyň gurluşyna we ösümlikleriň görnüşlerine görä dürli yslar emele gelip bilýär. Hut şol sebäpli-de, bu ys möwsüme ýa-da tebigata görä üýtgäp bilýär. Ýagyş ýagmagyny bes edenden soň daşky gurşawda emele gelýän çygly howa sporalary ýokaryk göterýär. Şeýlelik-de, howadan hoşboý, ýakymly bir ys emele gelýär. Ýagyşdan soňky ys geosmin atly himiki maddadyr.

Feruza JUMANIÝAZOWA,

S.A.Nyýazaow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu