
Russiýa biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň biridir. Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy belleniler.
21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine Moskwa şäherine iş sapary bilen gitmegi hem-de Russiýanyň Daşary işler ministrliginde we beýleki döwlet düzümleri bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy. Duşuşyklaryň baş maksady türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly soraglaryň toplumy boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.
Milli Liderimiz bu babatda ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklara, döwlet, parlament we hökümet derejelerinde özara saparlary guramaga, bilelikdäki syýasy forumlary guramaga hem-de geçirmäge aýratyn üns bermegi, şu ýyl Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem russiýaly hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda parlament ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlament forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seretmegi tabşyrdy.
Şeýle-de, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny baýram edip bellemäge bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň üstünde işlemek tabşyryldy. Bu maksatnamada medeniýet bilen bagly meselelere aýratyn üns berler.
«TürkmenGazet».



