
Belgiýa hökümeti zähmet reformasy barada ylalaşdy. Işçiler 4 günlük iş gününi saýlap bilerler. Bu barada «Le Soir» neşiri habar berýär. Bu taslama iş tertibine üýtgeşmeleri girizmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmeklik ýaly ugurlary öz içine alar.
Durmuşa ornaşdyryljak bu özgertme işgärleriň 4 günlük iş gününi saýlamagy, üç günlük dynç güni bilen has köp işlemegini üpjün eder. Şeýle-de, hepdelik iş wagtynyň umumy sany 5 günlük we 4 iş günleri üçin aýratyn bir meýilnama taýýarlanylar.
Mundan başga-da, uzyn we gysga iş hepdesini üýtgetmegiň mümkinçiliklerini kanunlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Işgärleriniň sany 20-den gowrak bolan kompaniýalar, olara yzygiderli okuw mümkinçiliklerini hödürlemegi isleýärler.
Belgiýanyň Premýer-ministri Aleksandr de Kruningiň pikirine görä, bu reformany kanunçylygyň häzirki zaman ösüşlerine hem-de koronawirus pandemiýasynda ýüze çykyp biläýjek üýtgeşmelere garşy laýyk getirmeli diýip belleýär.
«TürkmenGazet».



