Paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töweregini abadanlaşdyrmak işlerini «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Gurluşykçylar eýýäm seýilgähi abadanlaşdyrmak işine başladylar. Binagärleriň we taslamaçylaryň taýýarlan taslamasyna görä, seýilgäh zolagy ep-esli giňeldildi. Seýilgähiň köp böleginde öňden bar bolan ýaşyl ýaýlalara goşmaça pürli we ýaprakly agaçlaryň onlarça görnüşi oturdylar, gök öwsüp duran çemenlikler we gülçanaklar ýasalar, bagýodalar täzeden çekilip, daş düşeler we uzaldylar.
Seýilgähi abadanlaşdyrmak işlerini şu ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
«TürkmenGazet».