19-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany esasynda, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarow, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çagalar we ýetginjekler bilen işleýän hünärmeni Aly Täçgulyýewiç Alyýew, Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Amanmuhammedowiç Oramadow «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýeleri boldular.
Dabaradan pursatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
«TürkmenGazet».