SliderŽurnalistiň sahypasy

Eýran žurnalistikasyna syýahat

20-02-2022 / 33

Her bir ýurt barada giňişleýin maglumat bilmek üçin ýurduň žurnalistleriniň edýän işlerine ser salmak gerek. Sebäbi, žurnalist islendik wakanyň söz bilen suratyny çekip bilijilik ukybyna eýedir. Eýsem, Eýran žurnalistikasynyň taryhy, onuň aýratynlygy barada nämeleri aýtmak bolar? Bu barada bilmek üçin ýurduň gazetdir-žurnallarynyň, telewideniýesiniň we radiosynyň aýratynlygyna ser salmak gerek.

Eýran gazetleri we žurnallary

Eýranda ilkinji gazetler Nasreddin şanyň döwründe XVII asyrda çap edilip başlanypdyr. Ilkinji gazet “Kagaze Ahbar” ady bilen 1837-nji ýylda Mirza Salehi Şiraziniň başlangyjy esasynda neşir edilipdir. Döwürleýin neşirleriň başlangyjy 1851-nji ýylyň fewral aýynda neşir edilen “Wakayi ettefakiýa” atly gazetiň neşir edilmegi bilen täzeden başlandy. Bu gazet 1906-njy ýyla çenli hepdelik neşir edilip, onda Eýranyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan habarlar çap edildi.

XIX asyryň ortalarynda ilkinji eýranly reformaçy Mirza Tagi hanyň başlangyjy bilen döredilen “Darolfonun” ilkinji dünýewi bilim edarasy metbugatyň aň-düşünjesinde we ösmeginde möhüm rol oýnady. Bu okuw jaýy “Ruznamee Elmi” (Ylmy gazet), “Şaraf” (Şöhrat), “Ruznamee Nizami” (Harby habarlar) ýaly gazetleri şeýle-de 1896-njy ýyldan başlap ilkinji gündelik gazet “Halasot-ol hawadit” (Wakalaryň gysgaça mazmuny) ýaly neşirler çap edilip başlanýar.

Tanymal reformaçy, mugallym Malkom Han, XIX asyryň ikinji ýarymynda XX asyryň başynda “Kanun” (Zakon) atly gazetini neşir etdi. Bu bolsa bilim baradaky garaýyşlaryň ýaýramagyna uly itergi berdi. Mundan başga-da, London, Istambul, Kalkutta, Kair we beýleki şäherlerde neşir edilýän pars dilinde gazetler çap edildi.

Gazetleriň we žurnallaryň köpçülikleýin neşir edilmeginiň ikinji tapgyry, ikinji jahan urşy döwrüne degişlidir. Käbir neşirler milli dillerde azerbaýjan we kürt dillerinde peýda bolup başlady.

1979-njy ýyldaky gazetdir-žurnallar döwlet tarapyndan neşir edildi. Gazet ermeni dilinde we arap dilinde çap edildi. Eýranyň döwürleýin metbugatynda esasy orny iki sany iri neşir “Ettelaat” we “Keikhan” eýeledi.

Eýran radiosy

1940-njy ýyldan bäri Eýranda radioýaýlym yzygiderli işläp başlady, Şol ýylda Tähranyň demirgazygynda dürli tolkun uzynlyklarynda ýaýlym berýän uly radiostansiýasy guruldy. Radio ýaýlymy esasanam 1940-njy ýyllaryň aýagyndan 1950-nji ýyllaryň başyna çenli güýçli ösüp başlady. Radio stansiýalary ýurduň ähli uly şäherlerinde, serhetleriň perimetri boýunça şäherlerde guruldy. 1961-nji ýyldan bäri Eýran radiosy daşary ýurtlarda işläp başlady.

Eýranyň radio we telewideniýe guramasynda 5 sany milli teleýaýlym bar. Pars dilindäki 20-ä golaý teleýaýlym öz programmalaryny hemra arkaly ýaýlyma berip biler.

2007-nji ýylyň iýulynda guramanyň çäginde “Press-TV” halkara teleýaýlymy iňlis dilinde bütin dünýäde ýaýlyma başlady. Eýranda dürli ugurlar boýunça 30-dan gowrak radio ýaýlymy işleýär. “Eýran Yslam Respublikasynyň Sesi” maglumat radiosy, “Javananawan” ýaşlar, “Farhang” medeni, “Warzesh” sport we başgada birnäçe radiostansiýalar döwlet tarapyndan dolandyrylýar.

Ýurduň telewideniýesi

Eýran Yslam Respublikasyndaky döwlet telewideniýe we radio ýaýlym kompaniýasy Aziýanyň iň uly metbugat guramalarynyň biri hasaplanýar.

Eýran telewideniýesi öz gözbaşyny 1958-nji ýyldan alyp gaýdýar. 1959-njy ýylda Abadan şäherinde güýçli teleýaýlym gurdy. 1969-njy ýylda. Hamadanda emeli hemra ulgamy arkaly Eýran bilen Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň arasynda aragatnaşyk saklaýan kosmos aragatnaşygy üçin teleýaýlym guruldy.

IRIB teleýaýlymlary we radio ýaýlymlary, takmynan 80 million adamyň ýaşaýan ýerinde ýaýlym berilýär. Şeýle hem, IRIB teleýaýlymlarynyň hemmesi we käbir radioýaýlymlar hemra, kabel teleýaýlymlary we internet arkaly dünýädäki tomaşaçylara elýeterlidir.

Eýranda internetiň ösüşi

Soňky ýyllarda ýurtda Talyplar Maglumat Guramasynyň (ISNA) täsiri artdy. 2015-nji ýylyň ortalaryna internet ulanyjylary ýurduň 36,1 million adamyny ýagny ilatynyň 44%-den gowragyny düzdi. Bu görkeziji boýunça ýurt dünýäde 26-njy ýerde durýar. Hat-da oba mekdepleriniň hem Eýranda kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandygyny aýratyn bellemeli ýagdaýlaryň biridir.

“IRNA” Eýran Yslam Respublikasynyň habarlar gullugy bolup, şu at bilen hereket edýän resmi web saýtda ýurtda bolup geçýän täzelikler gyzgyny bilen ýerleşdirilýär. IRNA öz taryhyny 1934-nji ýyldan alyp gaýdýar. IRNA-nyň Eýranda 60, dünýäniň beýleki ýurtlarynda 30-a golaý bölümi hereket edýär. Häzirki wagtda Eýranyň bu at bilen hereket edýän resmi web saýtynda ýurtda bolup geçýän birnäçe täzelikler bilen tanyşmak bolar.

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu