Göwün küýsegiSlider

Meniň saýlanym — bagt

Bagtlylyk ýörelgeleri

19-02-2022 / 16

Bir adam özüni mydama bagtyýar duýupdyr. Ol mydama ýylgyryp, gülüp, keýpiçag bolup ýaşansoň, hiç bir adam ony tukat, gamgyn halda görmändir. Käbir adamlar  bu ýagdaýyň syryny bilmek üçin oňa sowal bilen ýüzlenipdirler:
— Siziň hiç wagt gamgyn oturanyňyzy görmedik. Nädip mydam bagtyýar, şadyýan bolup bilýäňiz? Munuň hikmeti nämede?
Ol adam:
— Birwagt menem siz ýaly gamgyn ýöreýärdim. Günleriň birinde bu meniň durmuşym, diýmek öz durmuşymy gamgyn ýa-da bagtly halda ýaşamak meniň özüme bagly diýen pikir geldi. BU MENIŇ DURMUŞYM. BAGTLY BOLUP ÝAŞAMAK MENIŇ SAÝLAN ÝOLUM. Men bu ugry her gün, her pursat saýlaýan. Şondan bäri her gezek irden turan wagtym men özüme sowal berýän: men şu gün näme saýlaýan şatlygymy ýa-da tukatlygy? Her gezegem men şatlygy saýlaýan.

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu