Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby

19-02-2022 / 17

18-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýene-de bir kitabyny tamamlandygyny hem habar berdi. «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly bu kitap hormatly Prezidentimiziň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydyr.

Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça milli Liderimiziň pikirleri jemlenendir. Aýratyn-da, döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler bar.

Milli Liderimiz bu kitabyň mejlise gatnaşyjylaryň her birine gyzykly we peýdaly gollanma boljakdygyna ynam bildirip, onuň halkymyza özüniň sowgadydygyny nygtady.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu