Habarlar

Şu ýyl 3 million düýp bag ekiler

19-02-2022 / 13

Bu barada 18-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Resminama laýyklykda, şu ýyl ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer ýokary hasyl ýetişdirmek babatda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» hem-de «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky» Kararlara gol çekip hem-de olary ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu