Deňiz düýbündäki suwotylaryň täsin tokaýlygy kenar ýakasyndan 15-20 metr uzaklykda, 20-22 metr çuňlukda ýerleşýär. Ol iň öndürijilikli suwasty ekosistemany emele getirmek bilen, suw ýaşaýjylary üçin kislorodyň uly goruny bölüp çykarýar.
Suwotylaryň şeýle uly tokaýlyklary Atlantik, Ýuwaş ummanynda we Demirgazyk deňzinde, Ekwadoryň tropiki suwlarynda ýüze çykaryldy. Şeýle uly meýdanly tokaýlygyň biri-de Ýuwaş ummanyň kenarynda Kaliforniýa ýarym adasyndan demirgazyk tarapa uzalyp gidýär.
Suwotylardan emele gelen bu tokaýlyga “Kelp tokaýlygy” diýilýär. Ol suw jandarlary üçin özboluşly gaçybatalga hem-de ýaşaýyş ýeri bolup hyzmat edýär. Bu tokaýlygy tebigy ýerleşişine görä suwotylaryň dürli görnüşleri emele getirýär. Mysal üçin, macrocystis görnüşine degişli suwotylar Kaliforniýada, laminariýa suwotylary bolsa, Demirgazyk deňizlerinde ösýär. Şeýle-de ekloniýa, lessoniýa, alariýa, eiseniýa ýaly görnüşler şunuň ýaly tebigy zonany döretmek, olaryň arasynda iň ägirt tokaýlygy macrocystis görnüşli suwotylar emele getirýär.
Ol suwotylar 20-72 metr çuňlukda ösmek bilen, beýikligi 50 metre, agramy 150 kg çenli ýetýär. Köküň wezipesini ýerine ýetirýän rizoidleriniň üsti bilen suwuň düýbündäki gaýalara, daşlara berkleşip ösýärler. Ýaşaýyş dowamlylygy 20 ýyl töweregi bolup, irki ösüş döwründe güýçli ösüşi bilen tapawutlanýar, ýagny gije-gündizde 30-35 sm ösýär. Bu suwotylar dürli fitofaglar – deňiz balyklary, molýuskalar we ş.m tarapyndan iýilýär.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.