Habarlar

Özbek alymynyň Magtymgula bagyşlanan kitaby çap edildi

21-02-2024 / 5

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda goňşy ýurduň ylym wekiliýeti bu şanly senä aýratyn döredijilik sowgatlary bilen gelýär. Golaýda özbegistanly alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Bahodir Karimowyň «Magtymguly — ynsanyýet şahyry» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Özbegistanyň «Muharrir» neşirýaty tarapyndan özbek dilinde çap edilen neşir alymyň magtymgulyşynaslyga degişli täzeçe çemeleşmelerine esaslanyp, onuň ylmy makalalaryny, döredijilik eserlerini öz içine alýar. Hususan-da, kitabyň «Magtymgulynyň atasy» bölüminde Döwletmämmet Azadynyň sopuçylyk hem didaktik-filosofik, şygryýet ugurlarynda öz ogluna ýetiren täsiri içgin beýan edilýär. XIX asyryň ikinji ýarymynda wenger syýahatçysynyň akyldar şahyryň eserlerini Leýpsigde nemes dilinde çap etdirişi we bu terjimäniň aýratynlyklary «Wamberi — magtymgulyşynas we terjimeçi» atly bölümde düýpli derňelýär.

«Magtymgulyşynaslygyň taryhyndan bir sahypa» atly bölümde bolsa geçen asyryň başlarynda özbegistanly magaryfçylaryň beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlap ýazan makalalaryna üns çekilýär, söz ussadynyň diwanlaryny çap etdirmek boýunça olaryň tagallalaryna ýokary baha berilýär. Köpasyrlyk taryhy we medeni köklere eýe bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dialektiki ösüşine alym «Ili iline, dili diline peýwent» atly bölümde syn bermäge çalşypdyr.

«Türkmen — utgaşan damarym» atly bölümde özbek şahyrlarynyň Magtymguly Pyragynyň şanyna döreden eserleri barada beýan edilýän pikir ýöretmeler hem örän ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Dilşynas alymyň «Magtymguly, kakam we men» atly makalasynda türkmen şahyrynyň awtoryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda tutýan orny açylyp görkezilýär. «Magtymgulyşynaslaryň serdary» atly makala bolsa goňşy ýurtly alym Karimbaý Kurambaýewiň «Magtymguly — ylham çeşmesi» atly kitabynyň many-mazmunyna bagyşlanypdyr. «Dost bilen abat öýüň» makalasynda alymyň türkmen topragynda geçirilen medeni çärä gatnaýan çagyndaky täsirleri, iki halkyň arasyndaky edebi gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtalýar.

Söz ussadymyzyň ajaýyp heýkeliniň şekili we «Magtymguly 300 ýaşda» diýen sözler bilen bezelen kitabyň içki hem-de daşky böleginde alymyň akyldar şahyr barada köňlünden çykan täsirli kelamlarynyň getirilmegi neşire özboluşlylyk beripdir.

Jumadurdy SAPARGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu