Häzirki wagtda ykdysady taýdan kuwwatly ösýän, sebit we dünýä ösüşini gazanmaga mynasyp goşant goşýan Türkmenistan halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Hususan-da, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu jähetden, gurama agza döwletler bilen parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna dostlukly gatnaşyklar ösdürilip, bilelikde iri halkara taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitine gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Geografiýasy, taryhy, däp-dessurlary we gymmatlyklary arkaly birleşen döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrülen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna Türkmenistan 1992-nji ýylda agza boldy. Ol Eýran, Pakistan hem-de Türkiýe tarapyndan 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has-da ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen döredildi. Bu guramanyň düzümine 1992-nji ýylda 7 sany ýurt — Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan, Owganystan we Özbegistan goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň alyp barýan işi hil taýdan täzeçe ösüşe eýe boldy. Oňa agza ýurtlaryň arasynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda — söwda, senagat, maýa goýum, ulag we aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek strategik wezipä öwrüldi. Döwletleriň ykdysady ösüşini üpjün etmek, sebitde YHG-nyň ähmiýetini ýokarlandyrmak, söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmak arkaly içerki söwdany ösdürmek we agza ýurtlaryň dünýä hojalygyna integrirlenmegini güýçlendirmek guramanyň maksatlaýyn ýörelgeleri hökmünde saýlanyldy. Olaryň hatarynda giňişligiň serişdelerini işlemek, rejeli peýdalanmak hem-de sebitiň oba hojalyk, senagat gurbatyny doly we netijeli özleşdirmek, daşky gurşawy goramak ýaly birnäçe möhüm ýörelgeler hem bar.
Ýurdumyz 2021-nji ýyldan bäri YHG-da başlyklyk etmeginiň dowamynda ýörite Konsepsiýany işläp taýýarlady we bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi. Hususan-da, bu döwür üçin Türkmenistan syýasatda, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, YHG-nyň işiniň many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny, ulag, energetika ulgamlarynda yzygiderli, anyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny, onuň sanlylaşdyrylmagyny, ekologik ulgamda tehnologiýalaryň paýlaşylmagyny hem-de tejribe alşylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Sebit, yklym we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna täsir eden ählumumy pandemiýa şertlerinde munuň özi has uly ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda guralandygyny we bu düzümiň taryhynda möhüm waka bolandygyny bellemek gerek. Ýokary derejedäki duşuşyklar meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak, guramanyň giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm we ileri tutulýan ugurlary boýunça çözgütleri kabul etmek üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji sammitiň netijeleri boýunça Hereketleriň Aşgabat konsensusynyň kabul edilendigini ýatlatmak gerek. Onda söwda, ulag, kommunikasiýalar, energetika, durmuş taýdan ösüş, howanyň üýtgemegi we beýleki ulgamlar gatnaşyjy ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz şu gezekki – YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitinde çykyş edip, bu halkara guramanyň işi we sebit meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarydyr başlangyçlaryny beýan etdi.
Selbi KADYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.