Robot mugallymy — kämil mehanizmler bilen enjamlaşdyrylan emeli intellekt ýa-da belli bir derejede özbaşdaklyga eýe bolan, iş gurşawynda hereket edýän, göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirýän programmirlenen mehanizmdir. Ol çaganyň näme bilen gyzyklanýandygy we haýsy işiň peýdaly boljakdygy dogrusynda hem anyklamaga ukyply. Şeýle-de ähli okuwçylaryň häsiýetini-de seljerýär, aragatnaşyk stilini her adama görä uýgunlaşdyrýar. Gollandiýaly alymlaryň geçiren tejribelerine görä, robotlar sapak wagtynda çaganyň ünsüni has köp özüne çekýändigi anyklanyldy. Bulardan başga-da kömekçi mugallym hökmünde önümçilige hödürlenýän robotlar hem bar. Beýle robotlar mugallymlar we metodologlar tarapyndan ýüklenýän maglumatlary okap bilerler, sapagyň dowamynda okuwçynyň bilimlerini hem barlap, sapagyň gidişine gözegçilik edip hem biler. Mysal üçin şeýle robot Germaniýanyň Marburg uniwersitetinde synag edilip görüldi.
Robot mugallymlaryň artykmaçlygy nämede?
- Tükeniksiz gaýtalamak. Adamlar bilen deňeşdirilende robotlar şol bir temany köp gezek gaýtalamak bilen olar ýadawlyk duýmaýar.
- Dostlukly aragatnaşyk. Emosional ýadawlygyň, duýgularyň ýoklugy sebäpli, robot säwlik bilen ýalňyşlyk goýbereniňde robotlar gülmeýär, okuwçynyň bilim derejesini kesgitläp, öwretmekden ýadamaýar. Bu ugurda angliýaly alymlar robotlaryň geljekde bilim infrastrukturasynyň aýrylmaz bölegine öwrüljekdigini öňe sürýärler. Muny geçirilen barlaglar hem subut etdi.
Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, dünýä ýüzünde 85 mln gowrak mugallym zähmet çekmek bilen, 2030-njy ýyla çenli ähli çagalaryň talabalaýyk derejede bilim almagy üçin ýene 68 mln töweregi gerek bolar. Şeýle ýagdaýda robot önümçiligini artdyrmak bilen mugallym sanynyň öwezini dolmak maksadalaýyk hasaplanýar.
Eýsem-de bolsa, robotlar mugallymyň ornuny doly derejede tutup bilermi?
Elbetde ýok, çünki hiç bir robot ýa-da tehnologiýa adamyň akyl ýetiriş, döredijilik, ösen aň derejesinde kämilleşen däldir. Muny dünýä alymlarynyň ählisi-de biragyzdan tassyklaýarlar.
Bibijan MYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.