
Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda yokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirilip, ol ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň gününe bagyşlandy.
Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplar topary gatnaşdylar. Bäsleşik institutyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy we institutyň “Ýaş alymlar” geňeşi tarapyndan guraldy.
Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasy — parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr. Parahatçylygy elmydama depesine täç edinen türkmen halky hem Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň geçen 33 ýylynda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, oňa gatnaşyjylar 1-nji tapgyrda Birleşen Milletler Guramasy bilen bagly düzülen soraglara jogap bermek, 2-nji tapgyrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň immitirlenen sessiýasynda öz döwletiniň adyndan çykyş etmek, şeýle-de 3-nji tapgyrda dünýä döwletleriniň baýdaklaryny ýatdan bilmek bilen baglanyşykly soraglara jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijeleri esasynda baş baýraga Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, 2-nji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty, 3-nji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden düzülen talyplar topary eýe boldular. Ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.