
Ene dilimiz gadymdan gelýän milli gymmatlygymyzdyr, medeni we ruhy baýlygymyzdyr.
Pähimdar pederlerimiziň nakyllarda, halk döredijiliginde, çeper eserlerde gözellik derejesine ýetiren dilimiziň söz baýlyklaryny ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde dilimiz ylmy esasda öwrenilýär, ene dilimize aýratyn ähmiýet berilýär, ylmy kitaplar çap edilýär.
«Türkmen diliniň orfografik sözlügi» we iki jiltden ybarat «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» dil biliminde uly işleriň biridir. Sözlükler dilimiziň söz baýlygyny özünde saklap, dürs ýazuwy öwrenmekde, sözleriň manysyna düşünmekde gymmatly çeşmedir. Şonuň üçin hem bu sözlükler dilçi alymlar üçin hem, şeýle-de giň okyjylar köpçüligi üçin hem ýakyn kitap bolup durýar.
Ene dilimizi ylmy esasda öwrenmekde ylmy kitaplaryň yzygider çap edilip durulmagy diňe alymlary däl, eýsem, biziň her birimizi buýsandyrýar. Çünki dilimize bolan buýsanç şeýle kitaplary okamaga ruhlandyrýar. Bu bolsa her bir ynsanyň ene diline goýýan sarpasyndan nyşandyr.
Halkyň dili – bu halkyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Çünki dil halkyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen gymmatly baýlygydyr. Iň esasy bolsa, dil halkyň dünýägaraýşynyň, milli medeniýetiniň ruhy gymmatlygydyr.
Bibijemal TÖRÄÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby.