Slide
Slide
previous arrow
next arrow


ReportažSlider

Zybany alkyşdan doly

27-06-2023 / 5104

Golaýda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň halkymyza gowuşmagy uly buýsandyryjy waka boldy. 

Gurban baýramy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli bu gaznanyň hasabyna bejergi alan çagalaryň baýramçylyklaryny gutlamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Mary şäher, Mary etrap Geňeşleri bilelikde Mary etrabynyň Adalat geňeşliginiň ýaşaýjysy Hommokowlaryň maşgalasynda myhmançylykda bolup, bejergi alan çagajygy we onuň ata-enesini baýramçylyk bilen gutlap, olar bilen gürrüňdeş boldular. Gürrüňdeşligiň dowamynda bejergi alan Mekan Meretdurdyýewiň ata-enesi  ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler.

Kakasy: Merdan HOMMOKOW:

— Ýurdumyzda nesil saglygynyň olara kiçiliginden hemaýat bermek işleri häzirki wagtda birnäçe ene-atalaryň buýsanjyny goşalandyrýar. Ynsanperwerlik ýörelgesini hemra edinen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza maşgalamyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Perzendimiziň sag-salamat bolmagy, onuň saglygynyň dikeldilmegi, mynasyp perzent hökmünde jemgyýete goşulmagy kalbymyzy heýjana getirýär.

Goý, biziň maşgalamyza goşa şatlygy bagyş eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri roaçlyklara beslensin!

Ejesi: Ýazgül HOMMOKOWA:

― Her bir ata-enäniň kalp namasy onuň perzendiniň sag-salamat bolmagy. Çaga dünýä inenden ata-ene perzendini ilhatar jemgyýete goşmak, onuň deň-duşlaryndan kem bolman mynasyp perzent bolmagyny gazanmaga çalyşýar. Ýurdumyz bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. 2021-nji ýylda döredilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň» hereket etmegi netijesinde biziň perzendimiziň saglygynyň dikeldilmegi, onuň jemgyýete sagdyn perzent hökmünde goşulmagy bu uly bagt. Hassahanada lukmanlaryň çagama oňat seretmekleri, wagtly-wagtynda bejergi işlerini geçirmekleri netijesinde perzendimiziň saglygy dikeldildi. Bu gaznanyň işi biziň maşgalamyzyň durmuşyna uly täsirini ýetirdi. Biziň maşgala ojagymyza bu şatlygy bagyş eden Milli Liderimiz  mähriban Arkadagymyza, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza ene kalbymdan alkyşlarymyz çäksizdir.

Goý her bir ata-ene perzendiniň bagtyna guwanyp ýaşasyn! 

Taýýarlan: Şaperi OTUZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com