Züleýha Kakaýewa zenanlar hakda söhbet açýar
08-02-2021 / 6524
«Adam eli gyzyl gül» diýlen jümle gadymy türkmen sözlüginde halkymyzyň durmuş ýollarynda giňden peýdalanylýar. Bu jümläniň mazmuny adam eli bilen döredilen döredijiligiň sungat derejesine ýeten gymmatlykdygyny aňladýar. Halkymyzyň milli däp-dessurlary, milli ýol-ýörelgeleri, şol sanda milli egin-eşikleri ynsanyň ruhy dünýäsiniň we maddy gymmatlyklarynyň beýany bolup hyzmat edýär. Milli lybasly türkmen ýigitlerimizi ýa-da gyzlarymyzy göreniňde gözüň dokunýar we buýsançly nazaryň ençe wagtlap eglenenini duýman galýarsyň. Milli öwüşginli döwrebap lybaslary taýýarlaýan «Zynat» tikinçilik öýi hem eýýäm birnäçe ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýär.
Türkmen milli lybaslary esasynda paýtagtymyzda ajaýyp bir ojak guran, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň sahypalaryna mynasyp orun alan Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa biziň zenan dünýäsinden söhbet açýan saýtymyzyň ilkinji myhmany.
Züleýha Kakaýewanyň maşgalasy, döredijiligi barada ýurdumyzyň dürli habar beriş serişdelerinde ençeme gezek söhbetdeşlikler guraldy. Bu günki gürrüňimiz bolsa, bu ajaýyp zenanyň türkmeniň milliligini ösdürmekde goşýan ajaýyp goşandy barada bolar.
-Züleýha ilki bilen saýtymyzyň çakylygyny kabul edip, söhbetdeş bolanyňyz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Züleýha maşgalada zenanyň orny baradaky gürrüňlerimizden başlaýaly.
-Maşgalany maşgala edýän zenan. Zenan her bir maşgalanyň tugy hasaplanylýar. Tug bolsa mydama belentde parlap, şol ýurduň asudalygyny, erkanalygyny, agzybirligini aňladýar. Maşgalada zenanyň orny hem şeýle. Maşgalabaşy hökmünde öýüň eýesi erkek adam bolsa, onuň jemgyýetdäki abraýy bolsa maşgalasynyň abatlygy, şol öýüň arassalygy, tertipliligi halallygy zenanyň gerdenine düşýär. Zenan mertebesi belentde bolanlygy üçin bolsa belent işleriň başyda zenandan gözbaş alýar.
-El işleri — zenan maşgala mahsus häsiýetler.
-Türkmen zenany taryhda ar-namyslylykda, gaýratlylykda uly yz goýan şahsyýetler diýsek ýalňyşmarys. Ýene-de bir häsiýet bolsa, zenan dünýäsiniň waspçysy bolan el işleridir. El işleri gadymdan gözbaş alyp, häzirki günlerimizde-de dowam etdirilýär.
Men hem el işlerini etmegi gaty gowy görýärin. Kiçiligimden, okuwdan boş wagtlarym hem keşde gaýap, tikin tikerdim. Meniň saýlap alan ugrum aýdym-saz älemi bolsa-da, bu hünäri hiç ýanymdan goýmadym. Ilki-ilkiler öz geýýän eşiklerimi özüm nagyşlap, tikerdim. Her gezekki geýjek köýnegimiň bir ýerinde üýtgeşme etmäge çalşardym. Soňra bolsa, höwesimiň artmagy netijesinde «Zynat» tikinçilik öýi döredi. Häzirki wagtda ol ýerde milli biçüwli eşikler tikilýär.
-Atelýeňizde nähilli biçüwlere aýratyn üns berilýär?
-Esasy egin-eşikler milli biçüw görnüşinde, milli äheňde, döwrebap görnüşde taýýarlanylýar. Gadymy egin-eşik tikmekde ulanylýan biçüwler we müşderileriň isleglerine görä görnüşler esasynda işlerimizi alyp barýarys. Taýýarlanylýan dürli (çagalar, gyzlar, oglanlar, dürli ýaşdaky raýatlar) görnüşdäki lybaslar millilikden üzňe däl.
-Kollektiwi agzybir saklamagyň syry nämede?
-Agzybirlik esasy adamkärçilikden gözbaş alýar. Ilki bilen adam haýsy kärde, haýsy ýerde bolanyna garamazdan pespäl we adamkärçilikli bolmaly. Biri-birleri bilen ýumşak häsiýetli, deňagramlylygy saklap bilýän, töweregindäkileriň üstünliklerine guwanyp bilýän ynsanlaryň jemlenen ýeri agzybir bolýar.
-Tikinçiniň esasy döredijiligi güýçli bolmalymy ýa-da tikin tikmäge ökde bolmalymy?
-Men esasan islendik zatda täzeçilligi halaýan, atelýä işinde-de zenanlaryň döredijiligine aýratyn üns berýärin. Döredijiligi bar adamyň işinde täzeçillikler köp bolýar. Onuň işi we döredijiligi esasynda işimiz has-da baýlaşýar we täze üýtgeşmeler peýda bolýar.
–Müşderiler bilen işleşmegiň aýratynlygy.
-Müşderiler biziň esasy gymmatlygymyz bolup durýar. Şonuň üçin olar bilen gatnaşygymyz güler ýüzli, mylakatly gepleşikler esasynda amala aşyrylýar. Olara edil öz öýüne gelen ýaly duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmäge çalyşýarys.
-Dünýä ýüzünde konsertlerde çykyş edeniňizde daşary ýurtlylar türkmen lybaslaryna nähili baha berýärler?
-Olar biziň milli lybaslarynmyza geňgalyjylyk bilen seredýärler. Eýýäm ençe ýyl bäri dürli ýurtlaryň sahnalarynda çykyş edip gelýärin welin, haýsy ýurda baranymda-da ilki bilen geýen lybaslarymyz baradaky soraglar gaýtalanýar. Olar lybasymyzdaky nagyşlar barada içgin gyzyklanýarlar. Olaryň elde edilenini aýdanymyzda bolsa, geň galyjylyk bilen kellelerini ýaýkaýarlar. Bu pursat bolsa bizde üýtgeşik bir duýgyny döredýär, şeýle milli lybasly türkmen zenandygyňa buýsanýarsyň.
-Işiňizden lezzet alýarsyňyzmy?
-Her bir işiň halkyň göwnüne ýarasa, alkyşly sözlerini eşitseň şondan lezzetli iş ýokmuka diýýän. Tiken eşiklerimizi toý-baýramlarda, teleýaýlymlarda geýen ildeşlerimizi görenimizde begenýäris. Käwagty müşderilerimiz “Pylanyň eşigini gowy tikipsiňiz, bizem şol eşigiň tikilişini, döwrebaplygyny görüp özümize-de şeýle eşik tikinmegi maksat edindik” diýip gelýärler. Bu sözler bilen gelen ildeşlerimiz bizi has-da işimize berk ýapyşmagymyza, döredijilikli işlemegimize ruhlandyrýar.
-Tikin işinde täze nusgalary döredeniňizde kimler bilen maslahatlaşýarsyňyz?
-Tikin işinde we täze görnüşleri oýlap tapmakda men ähli kärdeşlerimiň pikirlerini diňlemegi halaýaryn. Täze işiň üstünde işlänimizde herimiz öz pikirimizi goşýarys. Has bolmasa, bolmaýan ýerlerini aýtmaklaryny isleýän. Edýän işimiziň üstünlikli bolmagy we kollektiwi agzybir saklamagyň başlangyjy biri-birimizi diňlemekden gözbaş alýar.
-Gelin-gyzlarymyzyň ýaş aýratynlyklaryna görä haýsy reňkli egin- eşikleri geýmeklerini maslahat bererdiňiz?
-Biziň işimizde reňkler esasy orun eýeleýär. Tikin tikýän gyz-gelinleriň reňk saýlanyşy olaryň döredijiliginiň ösüşlerinden habar berýär. Reňk saýlap bilýän adamyň döredijiligi özbaşdak we töwregindäkilerden saýlanyp durýar.
-Reňk babatda maslahat bersem…
-Mundan 5 ýyl öň men esasan açyk reňklere has ýykgyn ederdim, indi bolsa, eşik goýýan gardirobymy açýan welin goýy reňkli eşikler agdyklyk edýär. Diýmek, adam ýaşy ulaldygy saýy agras reňklere has ýykgyn edýär.
Şonuň üçin gelýän müşderilerimiz üçin maslahat berenimizde olaryň ýaşy, adamyň tebigy reňklerine görä eşik tikinmegi nygtaýarys.
-Atelýeňizde müşderiler üçin nähili ýeňillikler bar?
Atelýede hemişeki müşderilerimize 30-40 % ýeňillikli we wagtyň geçmegi bilen üýtgän bahany ulanman, hemişeki bahadan ýerine ýetirip berýäris. Dizaýn işlerinde hem kömek edýäris we birnäçe görnüşlerden saýlamaga mümkinçilik berýäris.
-Saýtymyzyň üsti bilen salam ýollajak we minnetdarlyk bildirjek ýakynlaryňyz barmy?
-Ilki bilen parahat ýurtda, agzybir ilimiziň başynda halkymyzy jebislikde saklaýan mähriban Arkadagymyza biz, zenanlara medeniýetde sungatda, özbaşdak işleriň başynda bolup, islegli kärlerimizde zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Goý hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Soňra bolsa, ähli babatda meni goldaýany üçin durmuş ýoldaşyma köp sagbolsunymy aýdasym gelýär. Belki-de onuň goldawy netijesinde men lezzetli durmuşda ýaşaýandyryn.
-Züleýha saýtymyzyň myhmany bolanyňyz üçin köp sagboluň. Zenan dünýäsinde alyp barýan işleriňiz mundan beýläk–de rowaç alsyn! Mahmal owazyňyz belentden ýaňlanyp, milli lybasly türkmen zenany hökmünde buýsançly ömrüňiz dowamat bolsun!
Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA.