Owadanlygy bägül güllerine deňelýän zenanlar dünýämiziň durky, öýümiziň bezegi hasaplanýar. Zenanlary näçe taryp etseňem az bolup dur…

 

Taryha nazar salanymyzda, olar özüniň gujur-gaýratlylygy, edermenligi, merdanalygy, çeper sözlüligi, mylaýymlygy, adalatlylygy bilen köp meseleleri adyl ýol bilen çözmegi başarypdyrlar. Muny meşhur türkmen zenany Altynjan hatynyň keşbinde hem görmek bolýar. Altynjan hatyn islendik ýerde bir meseläni çözmeli bolanda ýa-da möhüm karary kabul etmeli bolanda Togrul begiň ýakyn we ynamdar maslahatçysy bolupdyr. Ine, beýik döwletiň şasynyň uly ynam bildiren türkmen zenany. Eýsem, şeýle derejäniň aňyrsynda örän uly jogapkärçilik ýatyr ahyryn. Özüne bildirilen ynamy ödäp dogry karar çykarmagyň özi merdanalykdan nyşan bolup durýar.

****

Taryhy şahsyýetleriň arasynda uly ile patyşa bolup bilen türkmen zenanlary hem bar. Şolaryň biri-de Tumar şadyr. Perzendinden jyda düşen Tumar şa ar almak maksady bilen, Kir II goşuny bilen gahrymanlarça söweşýär we ony ýeňýär. Bu ýerde biz Tumar şanyň üsti bilen enäniň  perzendine bolan beýik söýgüsini görüp bilýäris. Dogrudan hem biziň nusga alarlyk türkmen zenanlarymyz bar. Taryhyň sahypalaryna öçmejek yz galdyran zenanlar biz üçin görelde hem ýörelge mekdebi bolup durýar.

****

Halkymyzda edep-terbiýe düşünjesi ýokary hasaplanýar. Terbiýeli bolmak bolsa ilki bilen maşgaladan başlanýar. Ony bolsa, çagalykdan perzentleriň aňyna guýup bilmek eneleriň paýyna düşýär. Il içinde tertipli çagalara “Pylanynyň ogly ýa-da gyzy örän edepli, terbiýeli. Ene-atasy sag bolsun. Gowy terbiýe beripdir” diýilýär. Munuň üçin edilýän işleriň aňyrsynda enäniň azaby ýatyr ahyryn. Şu mysalyň üsti bilen biz türkmen maşgalasynda zenanyň tutýan ornunyň ýokarydygyny görüp bilýäris.

****

Häzirki wagtda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe  zenanlara goýulýan sarpa has belentde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda mährem enelere goýulýan belent sylag-hormaty görmek bolýar. Goý, durmuşyň diregi, zeminiň görki hasaplanýan zenanlaryň güler ýüzleri solmasyn.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.