Mähriban okyjylar. Saýtymyzyň bu sahypasynda size 3-nji aprelde dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Cobie Smulders (39 ýaşady) – kanada-amerikan aktrisasy. Ol özüniň CBS teleýaýlymyndaky “How I met your mother” filminde ýerine ýetiren Robin Scherbatskyyň keşbi bilen has meşhurdyr.

Amanda Bynes (35 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Ol 1990-2000-nji ýyllar aralygynda telewideniýede we radioda bitiren işleri bilen meşhurdyr.

Paris Jackson (23 ýaşady) – amerikan modeli, aýdymçy, aktrisa we sazanda. Ol Maýkl Jeksonyň ikinji çagasy we ýeke-täk gyzydyr.

Sofia Boutella (39 ýaşady) – alžir aktrisasy, model we tansçy.

Jennie Garth (49 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Ol “Beverly Hills” serialynda ýerine ýetiren Kelly Tayloryň keşbi bilen meşhurdyr.

Leona Lewis (36 ýaşady) – iňlis aýdymçysy, kompozitor, aktrisa, model we aktiwist. Ol Londonda önüp-ösýär.

Sarah Jeffery (25 ýaşaýar) – kanadaly aktrisa, aýdymçy we tansçy. Ol NBC  teleýaýlymyndaaky “Shades of blue” serialynda ýerine ýetiren keşpleri bilen meşhurdyr.  2018-nji ýyldan başlap ol CW teleýaýlymynda goýberilýän Charmed serialynda Maggie Veranyň keşbini, baş roly ýerine ýetirýär.

Jaya Prada (59 ýaşady) – hindi aktrisasy we syýasatçy. Ol 70-80-90-njy ýyllaryň iň meşhur hindi we telugu film industriýalarynyň aktrisalarynyň biridir.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

 

Tags :