
Şu gün — 23-nji aprelde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň gowy ahalteke bedewleriniň 10-sy gatnaşdy. Olaryň her birini eminleriň öňünden iki gezek: birinji gezek at esbapsyz, ikinji gezek bolsa doly esbaplara hem-de şaý-seplere beslenen görnüşde geçirdiler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna meşhur atlaryň tohumyny dowam etdirýän bedewler çykaryldy.
Gelnen netijelere görä, 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, 2015-nji ýylda doglan Melebaş atly bedew yglan edildi. Ol meşhur Gyrsakaryň ugruna degişlidir. «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanymyzyň baş baýragy bolan «Lexus» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.
«TürkmenGazet».