Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Ýylyň iň gowy telekeçisi» belli boldy

14-04-2022 / 5100

Ýurdumyzyň telekeçileriniň sergisiniň çäklerinde guralan birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemi jemlendi.

12 ugur boýunça bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň, telekeçileriň arasyndan iň mynasyplary ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolaryň hatarynda hususy pudakda göreldeli işleri bilen adygan «Derýaplastik», «Ak bulut», «Zamana», «Ýigit» hojalyk jemgyýetleri, «Batly gadam», «Çaly» hususy kärhanalary bilen birlikde, «TSTB-niň baýry halypa işewüri» ugry boýunça ýeňiji bolan Kakajan Täşliýew, Artykguly Rejepow, Rozmyrat Töräýew, Saparmuhammet Gapurow ýaly tejribeli işewürler hem bar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com