Çaga diýeniň knopkaly bolsa gowy, gudurap azar berse, knopkasyny basyp öçürer ýaly.

****

Men haýal ýazýan, sebäbi seniň çalt okap bilmeýändigiňi bilýän.

****

– ­­Men owadanmy?

– Howa, ýöne nahar iýip otyrkam aňryňa bakaweri.

****

– Naharyň gyzgyndygyny!

– Aý howa gyzgyndyr. Sebäbi otda bişdi-dä.

****

-Kelläme şapka geýsem owadan bolýanaý, gözüme äýnek dakynsama hasam owadan bolýan. Ýüzüme şarf daňynaýsam dagy tanar ýaly bolamok. Aý garaz, ýüzüm görünmedigiçe owadan boýanda.

****

– Uff ýene Pariže gidesim gelýär.

– Näme öň Pariže gitdiňmi?

– Ýokla, öňem gidesim geldi-dä.

****

Pizzany döreden adam geometriýadan gaty gowy baş çykarýan bolmaly. Sebäbi ony tegelek edip, üçburç kesip, dörtburç gaba salmak kimiň kellesine gelsin?!

****

– Haýsy syçan iki aýakda ýöreýär?

– Bilemok.

– Mikki Maus. A haýsy ördek iki aýakda ýöreýär?

– Donald.

– Akmak, hemme ördegem iki aýakda ýöreýär.

****

– Dost, men seni günde bir gezek görmesem bolanokda.

– Aý dost, onda ikimiziňki kyn düşjegow.

– O näme üçin?!

– Sebäbi, menem seni görsem bolanokda!

– Hä?!

****

Haýsy özüni oňarmaýan akmak meň zadymy… wii bärde ekenlaý.

****

– Oglum, goýunymyz diýenimizi etmändir welin möjek iýäýipdir.

– Diýenimizi eden bolsa özümiz iýerdik eje hä?!

****

Iliň çagasy bela ýaly. (Ejem)

Tags :