Ýylgyrmak — bagtly bolmagyň açary
Ýylgyryş bejergisi: Bagt döretmegiň usuly
09-03-2022 / 5074
Ýylgyryş, adamyň bagtlydygyny görkezýän ählumumy duýduryşdyr. Bagtly bolmak isleseňiz ýygy-ýygydan ýylgyryň!
Islegiň netijesinde hiç hili sebäpsiz ýylgyrmak fiziologiki derejede keýpiňi gowulaşdyryp biler. Biz bagtly bolmak isleýäris — bu hakykat. Ýylgyrmak keýpimize täsir edýär we başgalara biziň hemme zadymyzyň gowudygyny görkezýär. Näme üçin elmydama ýylgyrmaýarys? Biz negatiwlige garşy has ýykgynlyk edýäris, ýagny kynçylyk barada köp gürrüň edýäris.
Ähli zat islenýän görnüşde bolar ýaly ýokary derejede ýaşamaly. Galyberse-de, şatlykly wakalary özüňe çekmek üçin ilki bilen olary islemeli, soň bolsa ony emele getirmeli, hem-de bolsa duýup bilmeli.
Güýçli ýylgyryş, sözüň doly manysynda bagt döredip biler.
Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.