Awtory: Gülşirin Hanowa.

Çekip ýörsüň bir özüň,
Uly öýüň keşgini.
Niçe wagt gözleriň,
Synlamandyr keşbiňi.

Tötänlikde sen bu gün,
Maňa nazar aýladyň.
Tapmaklyk isläp göwün,
Menem biraz aýnadym.

Gara saçyň taryna,
Bireýýäm ak garyldy.
Ýygyrtlaryň baryna,
Seň ýüregiň ýaryldy.

Öz – özüňe ynanman,
Müýnli bakdyň ýüzüme.
Gözleriňden, eý, aman,
Hünji gaýtdy düzüle.

Ýüz görsemem, hiç wagt,
Görlen däldir ýalanym.
Bilmen synagmy, bagt,
Aýna bolanym?!