Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýurdumyzyň telekeçileriniň sergisi öz işini tamamlady

19-04-2022 / 5098

Bir hepde dowam eden ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi düýn — 18-nji aprelde öz işini tamamlady.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň  döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna  gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda: «Sergä gatnaşan telekeçiler, düzüminde 27 müňden gowrak agzany jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatynda çykyş eden wekiller ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylýan guwandyryjy netijeler barada hasabat bermek bilen, bu sepgitleriň ýurdumyzda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatyň, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna esaslanýan bazar gatnaşyklarynyň giň gerimde ornaşdyrylmagynyň, hususy telekeçilere berilýän hemaýat-goldawlaryň esasynda mümkin bolýandygyny buýsançly nygtadylar» diýilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com