Ýurdumyzda milli ykdysadyýet tebigy, ykdysady, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ykdysady mümkinçilikleriň gerimini giňeltmek üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ekologiýa syýasatynyň ýörelgelerini berjaý etmek, tebigy ýerasty we ýerüsti baýlyklardan rejeli peýdalanmak önümçilik bilen ugurdaşlykda ösdürilýär. Şol ykdysady özgertmeler tapgyrlaýyn esasda alnyp barylmak bilen birlikde, iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär, önümçilik hem-de durmuş maksatly binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Makroykdysady düzgünleşdirmäge, bazar gatnaşyklaryna geçmäge, telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen wezipeler ykdysadyýetiň derwaýys şertlerini ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda ykdysadyýeti innowasiýa taýdan ösdürmäge, ýurtda kuwwatly senagat pudagyny emele getirmäge aýratyn üns berilýär.

Ilatyň ýaşaýyş derejesini ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň derejesine kybap gelýän görkezijiler bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Durmuş ulgamyny maliýeleşdirmeklige, ylym-bilim, saglygy goraýyş, jemagat hojalygyny kämilleşdirmeklige, ilata durmuş ýeňilliklerini bermeklige üns gönükdirilýär. Bu ugurda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” kabul edilip, onuň çäklerinde raýatlar üçin yksysady serişdeleriň we degişli hyzmatlaryň elýeterligini üpjün etmek alnyp barylýar. Kuwwatly ykdysadyýeti ösdürmekde hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak, maýa goýum taslamalaryna ýakyndan goldaw bermek, telekeçiligi giňeltmek netijeli çärelerdir.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sanly ykdysadyýeti geçmekde “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi uzak möhletli ykdysady ösüşe ýardam berýän netijeli ulgama mümkinçilik berýär. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda sanly özgertmeleri geçirmek sanly jemgyýete geçmäge şert döredýär. Jemgyýetiň sanly ykdysadyýete doly düşünýän täze nesliniň kemala getirilmegi bolsa ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýylsaýyn gazanýan üstünlikleri we ýetýän belent sepgitleri Milli Liderimiziň alyp barýan giň möçberli döwlet syýasastynyň dabaralanýandygyndan habar berýär.

Döwletimiziň köptaraplaýyn ykdysady kuwwatyny has pugtalandyrmak hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça umumadamzat bähbitli netijeli çäreleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.

Ýarsahet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.