Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýurdumyzda «Sputnik Laýt» sanjymy bellige alyndy

26-12-2021 / 5056

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi.

Türkmenistanyň ozal Russiýanyň «Sputnik V» hem-de «EpiWakKorona» sanjymynyň ulanylmagyny makullan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny bellemek gerek. «Sputnik Laýt» sanjymynyň bellige alynmagy türkmen lukmanlarynyň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy hereket etmek babatda Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy wirusologiýa merkezleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Häzirki wagtda koronawirusa garşy Russiýanyň «Sputnik Laýt» sanjymy ýurtlaryň 15-sinden gowragynda bellige alyndy we ýene 30 ýurtda onuň bellige alynmagy bilen baglanyşykly işler dowam edýär.

Russiýanyň Göni maýa goýumlar gaznasynda belleýişleri ýaly, «Sputnik Laýt» sanjymynyň netijeliliginiň görkezijisi 80 göterime  ýakyn bolup, iki komponentiň ulanylmagyny talap edýän beýleki sanjymlaryň täsir edijiligini artdyrýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com