Slide
Slide
previous arrow
next arrow


ReportažSlider

Ýurdumyzda ilkinji gezek alabaýlaryň sergisi geçirildi (fotogalereýa)

27-01-2022 / 5047

26-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly mowzuklaýyn halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy.

Sergiler zalyndaky ýörite meýdançalarda türkmen alabaý itleriniň iň gowulary görkezildi. Alabaýlaryň görkezme çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle-de, sergide hususy itşynaslar, milli itşynaslygy ösdürmäge goşant goşýan telekeçiler hem bar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com