Dünýä ýüzündäki gazanylýan üstünlikleriň ýalkymy häzirki wagtda zenanlar tarapyndan hem has-da belende galdyrylýar. Ykballaryny dürli ugurlar boýunça hünär başarnyklaryna baglan gyzlarymyz ýurdumyz Türkmenistanda hem sanardan kändir. Türkmen zenany bu günki gün diňe bir el we hojalyk işleri bilen meşgullanman, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda öz mynasyp orunlaryny tapmagy başarýarlar. Bu günki saýtymyzyň myhmany, sport äleminde meşhurlyga eýe bolan Ýulduz Jumabaýewa.

– Ýulduz, söhbetdeşligimiziň başyny sport älemindäki ilkinji gadamlaryňyz dogrusynda başlaýsak.

― Sportuň agyr atletika görnüşi bilen men 12 ýaşymdan bäri meşgullanyp gelýärin. Ilki-ilkiler sportuň bu görnüşine teleýaýlym arkaly tomaşa edýärdim we obamyza golaý ýerde sport mekdep bardy, ol ýerde daýym sportuň agyr atletika görnüşi boýunça tälimçi bolup zähmet çekýärdi. Daýymyň ýanyna köplenç baramda türgenleşiklerine syn ederdim. Türgeni ýaryşlarda ýeňiş gazanaýsada şol gün ol ýerde uly baýramdy, her kimiň dilinden gutlagly sözler biygtyýar diňlenilerdi. Ýeňiş gazanan türgen bolsa şol wagtlar şol ýeriň Şasy hökmünde görülerdi. Muny gören beýleki türgenler hem şeýle pursadyň özlerinde hem bolmaklary üçin jan edip türgenleşik geçerdiler. Bu duýgy, begençli waka meni hem biparh goýmazdy.

– Ilkinji we häzirki tälimçileriňiz.

-Ilkinji tälimçim daýym Zeripbaý Kerimbaýew. Tälimçi aslynda her bir işde seniň ýolgörkeziji ynsanyň, ähli üstünligiň başy bolsa, şol tälimçiniň öwreden tälimlerini ele alandan soň we olary ýerlikli peýdalanan soň amala aşýar. Daýym maňa agyr atletika sporty boýunça birnäçe başlangyç we gerekli türgenleşikleri öwretdi.

Häzirki tälimçim bolsa, Meretguly Sähetmyradow. Meretguly tälimçi maňa başlangyç türgenleşiklerden başga-da halkara ýaryşlara çykmagy we ol ýerde özüňi aljyramazdan nähilli alyp barmagy, günüň dowamynda geçýän türgenleşiklerime gözegçilik etmek bilen, agyr atletikanyň halkara derejesindäki tehnikalaryny ýekän-ýekän öwredýär.

-Nirelerde türgenleşikleriňizi geçýärsiňiz?

-Ýurdumyzda biz türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinden türgenleşik geçmegimiz we ýaryşlara gatnaşyp üstünlikli orunlara mynasyp bolmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Muny bolsa öz türgenleşik geçýän ýerimizden çen tutup aýdýaryn. Mähriban Arkadagymyz 2017-nji ýylda halkymyza esasanam sport ulgamynda okaýan, zähmet çekýän ildeşlerimize Olimpiýa şäherçesini gurup ulanmaga berdi. Onuň içinde ýerleşdirilen enjamlar, türgenleşik geçmek üçin we ýaryşlary geçirmek üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän dürli sport zallary, saglyk otaglary bar. Mundan başga-da Olimpiýa şäherçesiniň içinde ýerleşdirilen saglygy dikeldiş merkeziniň hereket etmegi hem biz türgenler hakda edilýän aladalaryň naýbaşysydyr.

Ozal türgenleşiklerimizi Awaza milli syýahaatçylyk zolagynda, Gökderede geçýärdik. Birnäçe gezek Türkiýe we Özbekistan döwletlerinde hem bolduk.

Türgenleşiklerimizi biz häzirki wagtda Olimpiýa şäherçesinde geçýäris. Ol ýerde biziň saglyk ýagdaýymyza-da yzygiderli gözegçilik edip, belli wagtlarda bolsa barlagdan geçirip durýarlar.

-Gatnaşan ýaryşlaryňyzy ýatlap geçseňiz we ilkinji gursagyňyza medal dakylanda nähilli duýgyny başdan geçirdiňiz?

-Bu duýgy gaty üýtgeşik we hiç bir baýlyk bilen deňäp bolmajak mertebe. 2010-njy ýylda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdym, 2017-nji ýylda «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V aziýa oýunlary» bolmazyndan öňürti barlag ýaryşlary geçirildi şoňa gatnaşyp üstünlik gazandym we şol ýaryşda ilkinji gezek gursagyma halkara ýaryşynyň medaly dakyldy. Ol üstünlik diňe maňa däl, Watanymyza, ähli halkymyza, ata-eneme, tälimçilerime hem degişli bolyp durýar. Perzent hökmünde şeýle bagta eýe bolmak we bu bagty bolsa ähli milletiň bilen paýlaşmak meniň durmuşymdaky ýatdan çykmajak waka bolupdy.

Soňra köp wagt geçmänkä ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V aziýa oýunlaryna» gatnaşyp kümüş medala, 2018-nji ýylda Katarda geçirilen ýaryşda bürünç medala, 2020-nji ýylda Özbekistanda geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldum.

Ýulduz, näçe kilogram agramda çykyş edýärsiňiz?

― Men 2018-nji ýyldan öň 48 kilogram agramda, 2018-nji ýylda 45 kilogram agramda, häzir bolsa 49 kilogram agramda ýaryşlara gatnaşýaryn.

Golaýda ýurdumyza hoş habaryň gelmegi we onuň ählihalk tarapyndan gyzgyn garşylanmagy onuň sebäbinde Seniň adyň tutulmagy örän uly buýsanç hem-de bagt bolsa gerek.

― Elbetde, bu habar meni has-da tolgundyrdy, buýsandyrdy we täze ýeňişleri gazanmaga höweslendirdi. Aslynda buýsançly jümlelere başlanymda ilki bilen men özümiň türkmendigime, parahat ýurtda Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlar baradaky edýän aladalarynyň astynda dem alýandygyma, döwrebap binalarda okap bilim alýan, ähli amatlyklary bolan sport desgalarynda türgenleşik geçýän bagtyýar talyp türgen gyzydygyma buýsanýan. Türkmenistanly ýaşlaryň öz saýlan hünärlerini ele alyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga döredilýän mümkinçilikleriň bardygyna buýsanýaryn. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, azajygam bolsa türkmen sportunyň taryhyna mynasyp goşant goşýandygyma buýsanýaryn.

Awtordan: Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça 45 kilogram agram derejesinde dünýäniň rekordyny täzelän talyp türgen  gyzymyz Ýulduz Jumabaýewanyň adyny uly buýsanç bilen aýdyp bolar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby   Ýulduz Jumabaýewa ýadyňyzda bolsa, 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medala eýe bolupdy. Häzirki wagtda bolsa geçirilen barlaglaryň netijesinde altyn medal gazanan Taýland patyşalygyndan gatnaşan türgen tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilenligi sebäpli halkara agyr atletika federasiýalarynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagyna aýratyn üns berildi. Şonuň bilen baglylykda, şol ýaryşyň häzirki netijeleri boýunça Ýulduz Jumabaýewa itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi boldy. Ýulduz Jumabaýewa itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netije bilen ýaşlaryň arasynda Dünýä rekordyny täzeledi.

-Haýsy reňkleri halaýarsyňyz?

-Reňkleriň ählisi-de özboluşly manyda ulanylýar. Her reňk ynsana täsirliligi bilen tapawutlanýar. Mysal üçin men esasan eşik geýenimde gara reňke ýykgyn edýärin.

-Hobbiň näme?

-Dürli tagamlary taýýarlamagy gowy görýärin.

-Öý işlerinden haýsy işi etmegi halaýarsyňyz?

-Esasan nahar bişirmegi has gowy görýän. Köplenç türgenleşikden giç ýa-da ýadaw gelenimde-de taýýar nahar alman, özüm taýýarlaýaryn.

-Dostluga garaýşyňyz.

-Dostluga garaýyşym uly, dostsuz dünýä meniň üçin tüm gije mysaly. Joralarym Bibijan we Gülnäz. Olar bilen wagt geçirýäris, maslahatlaşýarys, dürli pursatlara bilelikde şaýat bolýarys.

-Nirelerde dynç almagy halaýarsyňyz?

-Ýurdumyzyň gözel ýerlerinde dynç almagy gowy görýärin.

-Durmuşda seniň üçin iň wajyp zat näme?

-Durmuşda meniň üçin iň wajyp zat, ýurdumyzyň parahat, ene-atamyň janynyň sag bolmagy, öz hünärimden ökde hünärmen bolup, ýaşyl tugumyzy belentde göterip, mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödemek.

-Ýylyň dowamynda iň gowy görýän senäň haýsy?

-22-nji aprel, çünki şol gün meniň doglan günüm.

-Durmuş ýoldaşyňyzyň nähili häsiýetde bolmagyny islärdiňiz?

-Hyýaly arzuwlaryny hakykat ýüzüne geçirip bilýän ynsan bolsa, adamkärçilik duýgusy belent, pespäl bolmagyny islärdim.

-Ýulduz, biz bilen gürrüňdeş bolanyňyz we bagtly pursatlarda begenjiňizi biz bilen paýlaşanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Mundan beýläk-de gursagy medally, goly ýaşyl tugly türkmen türgen gyzy hökmünde mähriban Arkadagymyzyň ýaşlar üçin döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ynam ödeýän ýaş nesillerimiziň arasynda adyňyzyň elmydama çykyp durmagyny arzuw edýäris.

― Sagboluň!

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA.

 

Tags :