Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Yşkyñ del köçesinde

Şahyr Döwletgeldi Annamyradowyň (Döwlet Garkyn) ýürege ýakyn goşgularyndan paýlaşmagy makul bildik

ÖMÜR ÝOLAGÇYSY

Ýene ýola çykdym tanyş eşikde,
Göýä bu dünýäniň baky derwüşi.
Käte gaýyp içre owaz eşitdim,
Bu ömrüme salyp müň bir werzişi.

Hiç bir kişä azarym ýok, derdim ýok,
Şükür, egsilmeýär köňül baýlygym.
Durmuşyma minnetim ýok, şertim ýok,
Ýagşy närselere sowýan aýlygym.

Diýýän: «Syna, durmuş, aşa çakyndan,
Ähli synaglarňa jismim döz geler.
Gümmi-sümmi etsem ýa-da sakynsam,
Ejizländir öýdäýmesin özgeler».

Käte men ulagly, käte pyýada,
Ezmaýyşly ýollaň geçip giderin.
Sende öwşün atar ömrüm zyýada,
Dünýä şugla saçyp, öçüp giderin.

Yşkyň ýoly, gör, nireden başlandy,
Bu söýgüde kim ýaşapdyr armansyz.
Kim ataşa, kimler suwa taşlandy —
Ony seljermeklik maňa galmandyr.

Ýara syrlarymy aýdyp köşeşdim,
Bu ömrüme salyp ýüz-müň werzişi.
Ýene ýola çykdym yşky eşikde,
Men bir bu söýginiň baky derwüşi.
***

YŞKYÑ DEL KÖÇESINDE

Bu gün kalbym duýgulardan pürepür,
Neçün ýürek gitdi birden gobsunyp?
Göýä, munda ýaşan ýaly bir asyr,
Yzda galdy altmyş ýaşyň şowhuny.

Gör, ýene-de heser düşdi köňlüme,
Neçün gözlerimden ýaşym paýrady?!
Elim serdim düýnde galan ömrüme,
Nirde galdy yşkyň joşgun-haýbaty?!

Gör, düýnümde del köçede kän entäp,
Käte baglaň gujagynda agladym.
Kelläm aýňalmandyr şol yşkdan entäk,
Şükür, dünýäň girdabynda galmadym…

Bu ýollarda şunça menzil geçsem-de,
Egsilerli däl bu dünýä küýsegim.
Alyslardan tanyş sesler eşdemde,
Diň saldym sesine bady-öwseriň.
***

GALDYM BU ÝOLLARDA SÜTÜNIM SÜÝNÜP

Şunça ýyl aýlanyp bu älem içre
Bu söýgüniñ öñün-ardyn tapmadym.
Üleşikde ýetdi bir yşky hüjre-
Bagtym däl,
Içinde derdim sakladym.

Gör, yşkyñ eşreti kime galypdyr,
Gör, kimler tirip ýör umyt jemalyn?!
Men bolsa agaja dañlan ýaglyk deý
Çetde galgap durun sowuk şemala…

Yşkym gitdi ak guwlaryñ perinde
Ysgyn gitdi düýnki yşkbaz gõwreden.
Gyratymyñ sesi gelýär Pereñden
Ýollaryna gõzüm dikip garradym.

Galdym bu ýollarda sütünim süýnüp
Elter ýene nämeleriñ üstünden?!
Hool öñümde bolsa çykarman üýnün,
Kõpek ýatyr zyñlan köne possun deý..

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com