Sen gidensoň,
Dünýäm gyşa öwrüldi,
Doňupdyr bar zatlar aklymam doňdy.
Indi ýazlar meň dünýäme bigäne,
Maňa bagt buşlan ýagyşlar diňdi.

Kuýaşam nuruny saçanok maňa,
Baglaram syryny açanok maňa.
Garaňky gijeler gözlerim gyrpman,
Umytsyz umytly ýetýärin daňa.

Aýna bakyp öz-özümi tanamok,
Hatda öz keşbimem özgeren ýaly.
Indi maňa tutuş dünýe garaňky,
Gözlerim küteldi görenok ýoly.

Äkitdiň ezizlän mukaddes duýgym,
Gideniňde ýeke özüň gitmediň.
Onsoň uzaklaşdy ýakyn aramyz,
Şonda-da sen gözlerimden ýitmediň….

    *****************

Durmuş dowam, ýollar rowan,
Gidip barýas geljek sary.
Söýgi, hasrat, bagt, alada,
Biziň bilen olaň bary.

Kaýyllyk däl ejizlik bar,
Ykballara siňe baksaň.
Geçmez diýen agyr günler,
Geçer eken barmak bükseň.

Käte şatlyk guçak gerýär,
Hasratlara boýun çagyň.
Al asmanda howalanýar,
Göwün diýen belent dagyň.

Her ynsanyň kemçiligi,
Artyklygy özi bilen,
Maňlaýyna ýazylanyn,
Görer ony gözi bilen.

Tegelekdir dünýäň ýüzi,
Edeniňi aýdyp berer.
Başarsaň et ýagşylygy,
Ýamanlygy gaýdyp berer.

 

Gunça ORAZOWA, talyp.