Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Yrymlar näme diýýär?!

Türkmen halk yrymlaryndan...

19-03-2022 / 5186

Ikindi çagy öý süpürilmeýär.
***
Anna güni kir ýuwmaly däl.
***
Saç daralanda, düşen saçy gömmeli, ony ýakmak bolmaýar.
***
Dişiň düşse, ony gök – janly agajyň düýbünde gömmeli.
***
Akar suwa kir durlasaň, günä bolarmyş.
***
Öýüň bosagasynda oturylmaýar.
***
Gije dyrnak alynmaýar.
***
Çöregi bir eliň bilen döwmeli däl.
***
Ýaşajyk çaga ýatanda başujynda çörek goýulýar.
***
Heläkçilikden sag-aman galsaň, çörek kesip paýlamaly.
***
Täze bişen çöregi hödürleseler, maňlaýyňa degrip, iki eliň bilen döwüp almaly.
***
Ösüp oturan agajy otlamak günädir.
***
Tamdyra münseň ýa-da ýyksaň, döwletiňi gömdügiňdir.
***
Ir ertir, ikindin-agşam rysgal-döwlet girsin diýip, öýüň esasy girelge gapysy giňden açylyp goýulýar.
***
Içeri girilende, öýde hiç kim ýok hem bolsa, “Salawmaleýkim!” diýip, öýe Taňry salamy berilýär.
***
Eliňi ýuwup, silkmek türkmençilikde halanmaýar. Şeýdilse, rysgalyň gidýärmiş diýlen yrym bar.
***
Pata-töwir, sadaka, hudaýýoly ýaly uly märekeli üýşmeleňe barlanda, başyň tahýaly, telpekli barylýar. Märekede başaçyklyk milletimizde halanylmaýan biedeplikdir.
***
Boş sallançagy üwremek bolmaýar.
***
Gije garaňky düşensoň, süýt, gatyk, süzme, owuz ýaly ak tagamlar bir öýden başga bir öýe äkidilmeýär, bu günä hasaplanylýar. Zerur äkitmeli bolanda, “göz degmesin” diýlip, olaryň ýanyna bir bölejik kömür atylýar.
***
Saçak başynda ýassyga ýaplanyp ýa-da eliňi ýere diräp oturmak, nahara ululardan öň başlamak, köp gepläp oturmak, nahary öz öňüňden iýmezlik, töwirden öň turup gitmek ýaly häsiýetler oňatlyga ýorulmaýar.
***
Çöregi düňderip goýmak, bir eliň bilen döwmek, syňragyň bilen tutmak, döwüp alan bölegiňi iýmän goýmak bolmaýar. Bu edepsizlikden nyşandyr, günädir.

Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com