2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli paýtagtymyzy Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň  140 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Bu ajaýyp baýramçylyga hormatly Prezidetimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherine hyzmat etmek üçin 400 sany “Hyundai ALL New super Aero Сity” kysymly döwrebap awtobuslary sowgat etdi. Ýurdumyzyň awtobus sürüjilerine sowgat edilen bu awtobuslara paýtagtymyzda ýaşaýan her bir ynsan üçin begendiriji buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şeýlede 25-nji maý güni paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin şäheriçi awtobus ugurlary tölegsiz ýagdaýda hereket etdi. Şeýle ajaýyp baýramçylyk gününde biz hem gözel paýtagtymyzyň awtobus sürüjileri bilen söhbetdeş bolduk. Biziň ilkinji söhbetdeşimiz hem Eşmenow Batyr Orazgulyýewiç, ol Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň türkmen awtoulaglar agentliginiň awtobus sürüjisi.

Eşmenow Batyr bu kärde 8 ýyl bäri işläp gelýär. Ol  bu käre ýurdumyzyň Balkan welaýatynda Balkanabat bilen Esenguly aralygyna gatnap başlaýar. Soňra  Türkmenbaşy-Aşgabat aralygyna ondan soň bolsa Türkmenbaşy bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagy aralygyna gatnaýar. Soňra bolsa, ak şäherimiz Aşgbada gelip ilki bilen 40-lyk awtobusy dolandyryp hyzmat edip başlaýar. Şu wagt bolsa, Eşmenow Batyr Täze zaman obasyna gatnaýan 96-lyk awtobusy dolandyrýar. 

-Biz sürüjilere mähriban Arkadagymyz tarapyndan şeýle ajaýyp awtobuslaryň  täze sowgat edilmegi örän begendiriji buýsandyryjy wakalaryň biri. Bu  “Hyundai ALL New super Aero Сity” kysymly awtobuslarda sürüjileriň hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny goramak üçin niýetlenen 5 sany kamera ýerleşdirlen. Öňünden daşyna, hemde içine seredip duran  2 kamera hereket edýär. Yzky gapydan ýene-de bir kamera içine seredip durýar. Arkasynda hem bir kamera içine seredip, bir kamera daşyna seredip durýar. Bu kameralaryň hemmesi hem sürüjiniň çep tarapynda kompýuter arkaly görkezip durýar. Mundan başga hem, ak mermerli paýtagymyzyň gözel künjeklerini  görkezýän  telewizor bar hem-de bu telewizorlarda sürüjileriň maglumatlary ýerleşdirilen, sürüjileriň we awtoulag kärhananyň nomerleri ýerleşdirilen. Bu nomerlere sms ugratmak arkaly islendik ýaşaýjylar sürüji hakynda  awtobus hakynda öz düşünjelerini beýan edip bilerler.

Sanly ykdysadyýete geçilip ähli zatlarda ýeňillikleriň döredilýän döwürde ýaşaýarys. Awtobusalara münýän ýolagçylara hem-de biz sürüjilere birnäçe ýeňillikler döredilendir, ýagny pensioner kartlary, ýarawsuzlyk (enwalit) kartlary, okuwçy kartlary ýa-da ýolagçy kartlary. Eýsem bu kartlar diňe ýolagçylar üçin üçin däl, sürüjiler üçin hem uly ýeňillik bolup durýar sebäbi sürüjiler hem ýolagçylar nagt tölän töleglerini hasabat tabşyrýarys ýolagçy kartlary bilen edilen tölegler göni awtomatik ýagdaýda geçýär we sürüjiler ýörite tabşyrmaly bolmaýarlar.

Biz sürüjiler üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikler, ýeňillikler döredilýän döwründe awtobus dolandyryp, halkymyza, milletimize hyzmat etmek biz sürüjileri örän begendirýär, buýsandyrýar. Bize şular ýaly mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdaýarys. Biz sürüjiler hem arman, ýadaman ýurdumyza hyzmat etjekdigimize ynandyrýarys. 

 

Söhbetdeş bolan: Arzygül TEKEMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.