“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

Diplomatiýa ulgamy her bir döwletiň daşary syýasatynyň hereketlendiriji güýji hem-de şol syýasaty durmuşa geçirmegiň möhüm serişdesi hasaplanylýar. Has dogrusy, diplomatiýa işi halkara gepleşiklerini alyp barmaklygyň inçe sungatydyr. Adatça,pikir edilişinden aşa özboluşly, has çylşyrymly bolan bu sungatda üstünlik gazanmak her kime başardyp baranok. Daşyndan baha berlende, diplomatlyk adaty bir hünär ýaly görünýändir. Emma, onuň hötdesinden gelmek üçin diňe ylym-bilimiň ýeterlik däl-de, eýsem akyl, milli düşünje, dünýägaraýyş we tejribe ýeterlik bolmalydyr. “Diplomatlar Watan esgeri” diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Olar Watanyň öňündäki mukaddes borçlaryny ak ýürekden berjaý etmekligi borç edinip, käsp-kärini at-abraýyna, ömür ykbalyna deňeýärler.
“Şägirt halypadan ozdurmasa hünär ýiter” diýen pähime esaslanmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň geçirýän nazaryýet sapaklary, berýän tejribelik dersleri talyplaryň ylym-bilimlerini baýlaşdyrmaklaryna, halypalardan görelde alyp, hünärleri kämil ele almaklaryna mümkinçilik berýär. Biz, türkmen diplomatiýasynyň ilkinji nesilleriniň biri, degişli ugruň ösmegine ägirt uly goşant goşup, ukyp-başarnygyny, yhlasly zähmetini ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň pugtalanmagyna siňdiren halypa mugallymymyz, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Berdiniýazow bilen söhbetdeş bolmagy müwässe bildik.

– Hormatly halypamyz, sözümiziň başyny diplomatik işiňizdäki ilkinji ädimleriňiz barada berjek gürrüňleriňizden başlaýalyň!

– 1977-nji ýylda şol wagtky SSSR-iň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk edarasynyň attaşesi wezipesine işe bellenilmek bilen, men bu ulgamdaky işlere dahylly bolup başladym. Zähmet ýolum iş tejribämi baýlaşdyrdy we dürli ýyllarda SSSR-iň Daşary işler ministrliginde, SSSR-niň Päkistan Yslam Respublikasyndaky (Karaçi şäherindäki) Baş konsullygynyň attaşesi wezipesinde; SSSR-niň Daşary işler ministrliginde, SSSR-iň Owganystandaky Ilçihanasynyň ikinji sekretary wezipesinde; «Türkmenintorg» Bütinsoýuz birleşiginiň Baş direktoryň kömekçisi wezipesinde işledim. Diplomatik gulluga bagyşlan zähmet ýolum ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra aýratyn öwüşgenlere beslendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň baş referenti, baş hünärmeni, bölümiň başlygy, syýasy meseleler boýunça ministriň geňeşçisi ýaly ençe wezipelerde işledim.

-Halypa, siz Türkmen diplomatyna mahsus häsiýeti nämede görýärsiňiz?

– Diplomat haýsy daşary syýasy ugurda zähmet çekse-de, ol hemişe Watana, döwletimiziň hormatly Prezidentine ak ýürekden, wepaly gulluk etmeli. Onuň ylym-bilimlilik, syýasy düşünjelilik, diplomatlyk derejesi bilen birlikde, ýiti akyl we akylyň özbaşdaklygy, adatdan daşary zähmete ukuplylyk ýaly başarnyklary bolmaly. Tebigatyna özüni rahat duýujylyk, sowukganlylyk, sagdyn pikirlenip we netijä gelip bilijilik ýaly häsiýetler mahsus bolmaly…

-Halypa hem baý iş tejribeli diplomat mugallym hökmünde geljekki diplomatlara berjek maslahatlaryňyzy hem aýdaýsaňyz?!

– Hormatly Prezidentimiz milli diplomatiýanyň kemala gelmegi üçin ählitaraplaýyn şertleri döredýär. Geljekki ýaş diplomatlar nazary taýdan okadylýan dersleri ürç edip öwrenmelidirler, özleriniň professional hünärine yzygiderli kämilleşdirmelidirler. «Kämilligiň çägi ýok» diýleni. Ýaşlar diplomatiýa ylmynyň daşyndan, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmelidirler, öz ýurdunyň habarlaryny içgin bilşi, öwrenişi ýaly, daşary ýurt habarlaryndan-da elmydama habarly bolmalydyrlar. Bulardan başga-da, beýleki döwletleriň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny bilmelidirler, çünki şu zatlaryň ählisi diplomatiýanyň içinden eriş – argaç bolup geçýär. Nygtap geçmeli ýene bir zat: diňe bir hukuk, syýasy, ykdysady ugurlar däl, eýsem ähli ugurlaryň maglumat jähtlerinde täzeçe pikirlenmäge, täzeçe düşünmäge ukyply bolmaklary zerur. Geljekki diplomat medeniýetli, ahlakly hünärmen bolmalydyr, ýokary iş ukyplylygy bilen tapawutlanmalydyr.

-Hormatly halypamyz, siz köp kärdeşleriňiz üçin, şol sanda talyplaryňyz we şägirtleriňiz bolan biz üçin hem nusgalyk zähmet ýoluny geçen, hünär ussatlygyny gazanan türkmen diplomaty. Eýsem maşgalaňyzda, perzentleriň, agtyklaryň arasynda siziň hünäriňizi saýlamaga ýykgyn edýäni barmy?

– Maşgalalarda ata-enäniň kesbine höwes edýän çagalar mydama-da bolýar. Biziňkilerde hem «şu diplomat boljak» diýdirýänleri ýok däl. Ýöne hemme zady wagt görkezer. Çagalaryň hünäre gyzyklanmasy ösübem biler, üýtgäbem…

-Geljekki diplomatlar üçin beren altyndan arzyly maslahatlaryňyz üçin sag boluň, halypa! Biz hem siziň janyňyzyň sag, işiňizde elmydama üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Goý, bize okamak, öwrenmek, tejribe toplamak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Söhbetdeş bolan: Şahnoza EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.