Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ynsan duýgularyny saza siňdiren kompozitor

03-02-2023 / 5048

Türkmeniň saz sungaty özüniň hiç bir milletiňkä meňzemeýän aýratynlygy we özboluşlylygy bilen  tapawutlanýar. Sebäbi türkmen saz sungatyny ösdürmekde ussat zehinli Weli Muhadow, Çary Nurymow, Rejep Rejepow, Rejep Allaýarow ýaly halypalarymyz kompozitorlarymyz bardyr. Olaryň her biriniň aýratyn orny we gaýtalanmajak zehini bilen tapawutlanýar. Şeýle kompozitor halypalarymyzyň içinde Nury Halmämmedowyň döredijiligi  gyzyldan gymmat hazyna hasaplanýar.  

“Ussat ýa-da ussatlyk” — bu sözleriň aňyrsynda giden many bar. “Gije uklap bilmedim. Gözüme çüý kakylan ýaly boldy” diýlen jümleleri tälim gezek gaýtalaýan halypa döretmeklik üçin gijelerini gündiz edip pikirlenip geçiripdir.

Ruhy kämilligi ähli baýlykdan ileri tutan ynsanlar üçin göwün gözelligi ähli zatdan zyýadadyr. Bütin ömrüniň dowamynda opera-balet žanrlary kompozitory özüne çekýär. Nury Halmämmedowyň “Görogly”, “Nejep oglan”, “Ýusup-Züleýha” ýaly baletini döretmek hyýallary bardy. Ýöne kompozitoryň gutarnykly we şowly sahna eseri “Aýgytly ädim” baleti hasaplanýardy. Bu eserde epik, dramatik, lirik, we tans žanr ugurlaryny görmek bolýar.

Kompozitor Gurbannazar Ezizowyň sözlerine bagyşlap döreden “Giriş”, “Esgeriň ýatlamalary”, “Diňe sen ”, “Rekwiýem” diýen dört bölümden ybarat bolan eserini döredýär. N.Halmämmedow bu eseri üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty bolup sylaglanýar.

Kompozitoryň döreden eserleriniň sany we žanrlarynyň dürli-dürlüligi köpleri haýran galdyrýar. N.Halmämmedowyň saz sungatynyň ýüzlenmedik ýekeje ulgamy-da ýok – simfoniki orkestr üçin eserler, balet, kamera instrumental we wokal-simfoniki eserler, dürli saz gurallar üçin pýesalar, halkyň söýgüsini  gazanan kinofilmler üçin sazlaryň hem birnäçesini döredýär. N.Halmämmedowyň döredijiliginde kino sazlary aýratyn orun eýeleýär.

Ussat halypanyň her bir döreden sazlarynda halkyna, Watanyna ýyly mähiri aýdyň duýulýandyr. Halkyň kalbyny joşdurýan şeýle ajaýyp sazlar häzirki döwrümizde hem uly meşhurlyga eýedir.

Leýla KANDYMOWA,
Dänew etrap Çagalar sungat mekdebiniň konsertmestr mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com