Ýüregi iýmitlendirýän damarlardan akýan ganyň mukdary minutda ortaça 250 millilitirdir. Başgaça aýdanymyzda, ýüregiň bir minutda pürkýän ähli ganynyň 4-5 göterimi bu damarlardan akýar.

***

Arteriýalar, ýagny kiçijik arteriýa damarlary 2-8 sekunt aralygynda bir gezek giňelip- daralýar.

***

Nerw öýjükleriniň täzelenmek möhleti 4-6 hepdedir.

***

Eliňiziň orta barmagynyň uzynlygyny ölçäň, soňra 19-a köpeldiň. Netijede, öz boýuňyzyň uzynlygyny alarsyňyz.

***

Asgyrmanyň tizligi sagatda 160 kilometrdir. Eger asgyranyňyzda, agzyňyzy tutmasaňyz, 20 müň töweregi syçrantgy 4 metr töweregi ýaýrap biler.

***

Adamyň saçy ortaça 75-90 santimetre ýetenden soň ösmeýär. Emma Diane Witt alty bir aýalyň saçy 386 santimetre çenli ösüpdir.

***

Adamyň bedeniniň iň aşak temperatura barany +16° C-dyr. Iň ýokary temperaturany başdan geçiren adamyň baran gyzgynlyk derejesi bolsa, +44,4° C.

***

Bäbeklerde 270-den gowrak süňk bar. Ynsan ulaldygyça käbir süňkler birleşýär. Ýetişen adamyň süňküniň sany 206 sanydyr.

***

Iň agyr agramdaky doglan çaganyň agramy 11 kg bolupdyr. Iň kiçijik sagdyn doglan gyz çaganyň agramy 300 gr hasaplanýar. Irlandiýaly gyzjagaz Tereza bolsa, ölümden aman galan iň kiçijik we iň iri doglan çagalaryň biri hasaplanýar. Ol möhletinden 14 hepde ir dünýä inipdir. Onuň agramy şonda 625 gr bolupdyr.

 

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.