Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ykdysadyýetimiziň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi açyldy

Islendik döwletiň esasy aladalarynyň biri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň ösmegi ýurduň içerki we daşarky meseleleriniň köpüsini üstünlikli çözmeklige mümkinçilik berýär. Şu gün 20-nji sentýabrda paýtagtymyzda öz işine başlan iki günlük sergi milli ykdysadyýetimiziň gazananlarynyň örän ýokarydygyny subut edýär.

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny we hususy ulgamyň önümlerini tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gözden geçiriliş ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýar. Mysal üçin, nebitgaz pudagynda biz tebigy gazy daşary ýurtlara ýerlemegiň ugurlaryny artdyrmak bilen, bu babatda öňe möhüm ädim ätdik. Oba hojalygyny mysal alyp görenimizde, ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynda pagta, bugdaý, şaly ýaly önümleriň önümçiligini artdyrmak bilen bir hatarda, gök-miwe, bakja önümleriniň köp görnüşini, maldarçylyk, guşçulyk önümlerini ýurdumyzda öndürmek, ilaty özümizde öndürilen oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, hatda daşary ýurtlara hem satmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreler önümçilige berilýän ýeňillikler, maýa goýumlary, oba hojalygynda hususy önüm öndürijileri goldamak ýaly çäreler bilen hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýä bazarlarynda barha giň orun alýan harytlarymyzy we hyzmatlarymyzy, şeýle-de amala aşyrýan taslamalarymyzy Ýer ýüzüne ýaýmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir.

Gültäç AGAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com