Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Ykbalyň oýny

Poeziýa dünýäsine ýaňy gadam basan şahyr ýürekli gyzyň döredijiliginiň ilkinji miwelerini okyjylarymyza hödürleýäris

Garaşmak kyn zat

Garaşmak…
Garaşmak şeýlebir kyn zat,
Ýöne meniň umydym bar ullakan,
Sagadyň dilleri kerwen gursa-da,
Hepdeler aýlara golun gerse-de,
Tämiz söýgim bilen ýanyňa barýan.

Garaşmak…
Garaşmak şeýlebir kyn zat
Umydymy gädip iýýär her minut,
Diýýär hyýallarym, diýýär pikirim,
“Özüňi bir oýla, özüňe geläý
Özge bir söýgülä bar gitsin, unut!”

Garaşmak…
Garaşmak şeýlebir kyn zat,
Bagymda bagbanyň ýoklugy kimin.
Saralmasyn baglar dökmesin ýaprak,
Saňa niýet eden o:l gülzarlygma,
Keseki bagbanlar aýak sekmesin.

Garaşmak…
Garaşmak şeýlebir kyn zat,
Emma kuwwat berýär ol mährem sözleň.
Edil gyşdan soňra al-ýaşyl ýazy
Garşy alşy ýaly bu goja zemin
Menem garaşaryn soňuna çenli.
***

Ykbalyň oýny

Sensiz bolmaz eken aýly gijeler,
Aýam öz nuruny saçyp dursa-da,
Wagt diýlen zadam zalym durmuşda,
Bize dözmän aýak çekip dursady.

Gyşyň gary ýaly doňsam-da käwagt,
Baharyň mylaýym şemaly bolup,
Birden ýüregimiň gapysyn kakyp,
Begendirseň, erärdim men gar bolup.

Güýzüň sarylygy ornap bedenme,
Kem-kemden umydym düşüp dur gaýyp,
Sensiz gül açmagam, sensiz güllemek,
Hamala meň üçin ullakan aýyp.

Görýäňmi, güýzüňem sessiz gijesi,
Ähli zat ýerinde: Aý hem ýyldyzlar,
Hasabym däl nesibäme ýazylan,
Ykbalymyň maňa çeken bijesi.

Durmuşyň meň üçin niýetlän güni,
Ynanýaryn, bagtym şadyýan guş deý,
Mährem owaz bilen aýdymyn aýdar,
Şol wagt yzda galar ykbalyň oýny.

Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Ýene-de okaň
Kapalı
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com