Habarlar

YHG-nyň işewürleri ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar

Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, 26-njy noýabrda YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady. Onuň işine 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu