Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Slider

Ýazgylar awtobuslara bezeg berýär

10-02-2022 / 5040

Paýtagtymyzda we sebitlerde 11-nji fewralda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň ýolagçy awtobuslary «Halk Maslahaty: bagtyýar geljek, belent maksatlar», «Halk Maslahaty — halkyň bähbidine», «Agzybirlik. Abadançylyk. Berkararlyk», «Il bagtyýar — ýurt berkarar», «Aýdyň maksatlar bilen röwşen geljege!», «Döwletli maslahat — bagtyýar durmuş», «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Öňe, öňe, diňe öňe! — biziň beýik şygarymyz!» ýaly şygarlar bilen bezeldi.

Jemgyýetçilik ulaglaryny şygar bilen bezemek işleri «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan eýýäm birnäçe baýramçylyklarda, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynda, Täze ýyl baýramçylygynda hem geçirilipdi.

Owadan ýazgylar ak awtobuslara özboluşly bezeg berýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com