Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlyk ýyllarymyzyñ ýalkymy

19-03-2023 / 22

Ýaşlaryñ ykbalynyñ güller bolup açylýan arzyly zamanynda ýaşamagyñ, okap-öwrenmegiñ gadry başgaça. Bu ajaýyp zamanada türkmen ýaşlaryna berilýän üns, döredilýän mümkinçilikler biziñ her birimizi buýsandyrýar. Munuñ özi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyñ «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynda hem çuñ many bar. Bu şygar döwletimiziñ dolandyrylyşynda we jemgyýetçilik durmuşynda ýaş türkmenistanlylara berilýän ünsüñ juda uludygyny, Gahryman Arkadagymyzyñ parasaty bilen galkynan ýaşlaryñ ykbalynyñ Arkadagly Serdarymyzyñ saýasynda barha rowaç alýandygyny görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, soñky ýyllarda Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlaryñ kämil ýetişdirilmegi, sagdyn bedende we ruhda kemala getirilmegi, milli ýörelgelere laýyk terbiýelenmegi, hünär öwredilmegi we ýaşaýyş-durmuş babatda goldanylmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn alnyp baryldy. Bu ýörelge häzirki wagtda hem milli kanunçylygymyza we degişli Maksatnamalara, meýilnamalara laýyklykda dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe biz — ýaşlara mukaddes ynam bildirip, halypalyk nusgasyny görkezýän Milli Liderimize bolan alkyşlarymyz egsilmezdir. «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýip, ýurduñ geljegini gurmakda gujurly nesillere ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziñ jany sag, ömri uzak, ajaýyp işleri hemişe rowaç bolsun!

Nesipmyrat  SAPAROW,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Ýene-de okaň
Kapalı
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com