Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Ýaşlaryň dykgatyna

Daşary ýurt döwletlerinde ilkinji ýokary bilimini alýan, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik, şonuň ýaly-da hususy tertipde daşary ýurt döwletlerine okuw maksatly ilkinji ýokary bilimini almaga isleg bildirýän raýatlaryň resminamalary kabul edilip başlandy. Şonda, “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna” girýän okuw mekdepleri boýunça resminamalary kabul edilýändigi bildirilýär.

Şu nukdaýnazardan, okyjylaryň islegini hasaba alyp, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty bu barada maglumatlaryny saýtyna ýerleşdirdi. Iň gysga wagtda saýtlarynda Koreýa Respublikasy  we Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny ýerleşdirjekdikleri barada habar berýärler.

TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu