Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýaşlar gurultaýa barýar

26-08-2022 / 5087

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada hem bu günki günüň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilendir. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy hem ýaşlar baradaky aladanyň döwlet derejesinde ileri tutulýan wezipeleriň biridigini aýdyňlygy bilen görkezer.

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşlere mynasyp goşant goşmakda ýaşlaryň ornunyň örän uludygyny bellemek ýakymlydyr. Dürli ugurlarda yhlasly zähmeti bilen adygan ýaşlaryň uly topary häzirki wagtda döwlet we jemgyýetçilik işlerinde hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.
        Döwrüň ösmegi bilen, durmuşymyza sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň we tehnologiýalaryň täze tapgyrynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň innowasiýalardan oňat baş çykaryp bilmegini talap edýär. Bilim bagtyýar hem röwşen geljegiň ilkinji açarydyr. «Bilimsiz öý — otsuz ojak» diýen halk pähiminden görşümiz ýaly, ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaklary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitlenilendir. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek üçin ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak, olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmegi baradaky teklip hem ýaşlaryň durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr.
        Ýaşlar biziň ertirki günümizi kesgitleýändirler. Nesil hakyndaky alada geljege ädilen batly gadam, bagtyýar ertirimizdir. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar. Çagalarymyzyň zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegini gazanmak hem özümize baglydyr.
        Belli bolşy ýaly, Hökümetiň şu ýylyň 12-nji awgustynda Awazada geçirilen göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmeginiň wajypdygyny bellemegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň geljeginiň ählitaraplaýyn goralýandygyna we goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Ýaşlar guramalarynyň ähli düzümlerinde geçirilýän nobatdaky gurultaýa taýýarlyk işleri, ýaşlaryň gatnaşmaklaryndaky hasabat saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolýar.

Göwher MOWLÝAMOWA,
TMÝG-niñ Döwletli etrap Geñeşiniñ bölüm müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com