Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «turkmengazet.com» saýty bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet günleri mynasybetli  «Meniň söhbetdeşim» atly žurnalistikanyň söhbetdeşlik žanryna degişli eserleri ýazmak boýunça geçiriljek bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY

 Bäsleşigiň maksady:

  • Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar bolsa, biziň geljek ýolumyzyň şamçyragy bolup, ýolumyza ýagty saçýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «turkmengazet.com» saýty bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet günleri mynasybetli «Meniň söhbetdeşim» atly žurnalistikanyň söhbetdeşlik žanryna degişli eserleri ýazmak boýunça bäsleşigi geçirmegi ýola goýdy.  Bu bäsleşigiň maksady bolsa, ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykaryp, olaryň döredijilik ýolunda ýurdumyzyň ösüşli ýollaryna mynasyp goşant goşýan ynsanlaryň söhbetlerini halkymyza ýetirmekden we olaryň zähmet ýoluny ýazga geçirýän döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň özboluşly zehin aýratynlygyny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar.
  • «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň zehin başarnyklary bilen ähli halkymyzy tanyş etmekden we ýaş žurnalistleriň hünär başarnyklaryny has-da kämilleşdirip, sanly ulgamy içkin öwrenmek, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan (telekeçiler, öňdebaryjy ylym-bilim işgärler, hyzmat öýleri, medeniýet-sungat, ykdysadyýet, senagat we ş.m ugurlar boýunça) ildeşlerimiziň alyp barýan işlerini söhbetdeşlik görnüşinde halk köpçüligine ýetirmek;
  • Diýarymyzda mähriban Arkadagymyzyň sanly ulgamy ösdürmekde alyp barýan işlerinden ugur alyp, kämil innowasion tehnologiýalaryň işini kämilleşdirmek we sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak;
  • Her bir ýaş nesliň saýlan hünärleri boýunça kämilleşmeklerinden, şol ugurlar boýunça ökde hünärmenler bolup, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzyň milli medeniýetini dünýä ýaýýan nesilleri kemala getirmekden ybarat.

 

Bäsleşigiň guramaçylygy:

 

− Gepleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «turkmengazet.com» saýtynyň guramaçylygynda geçiriler we bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

 

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

 

  • Bäsleşik 2021-nji ýylyň maý aýynyň 18-inden iýun aýynyň 17-sine çenli dowam eder.
  • 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sine jemi jemlener.
  • «Meniň söhbetdeşim» atly bäsleşik «turkmengazet.com» saýtyna ugradylar we şol saýtda şöhlelener.

 

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri:

 

  • Bäsleşige taýýarlan söhbetdeşlikleri bilen 14 — 37 ýaş aralygyndaky okaýan we zähmet çekýän raýatlarymyz gatnaşyp bilerler.
  • Her bir raýat hödürlän işinde öz ukybyny, başarjaňlygyny, şahsy zehinini görkezmeli, ýazylýan eseriň özboluşly aýratynlygy bolmaly.
  • Bäsleşige hödürleniljek eserler «turkmengazet.com» saýtyna hödürlemek üçin, «turkmengazet.zenan2021@gmail» elektron salgysyna ýollanmaly.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99365830070

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölümi: 44-89-04.