Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 20-nji martynda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçirilen “International Eduversal Mathematics Competition”  atly bäsleşige Türkmenistanda bilim alýan mekdep okuwçylary hem işjeň gatnaşdylar. Bu barada ashgabat.in web-portalynda hem giňişleýin maglumat berilýär. https://ashgabat.in/2021/04/01/yas-matematiklerin-ustunligi/

Bäsleşikler 3 ýaş kategoriýasynda geçirildi: başlangyç (12 ýaşa çenli), orta (13-15 ýaş), uly (16-18 ýaş).

Ýurdumyzda bilim alýan ýaş zehinlerimiz jemi 11 medal gazandy, şolardan 5-si altyn, 4-si kümüş we 2-si bürünç.

Bäsleşigiň şerti boýunça 2 sagatda 40 sany matematiki meseläni çözmek tabşyryldy. Olimpiada ýokary guramaçylyk şertlerinde geçirildi. Bäsleşige dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan ýüzlerçe mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Eduversal, zehinli ýaşlary matematika we ylym öwrenmäge höweslendirmek üçin yzygiderli Olimpiadalary gurnaýar.