Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Ýaş nesliň üstünligi

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde hem-de ýaşlar baradaky bilim syýasatynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Institutymyzyň talyp  türgenleriniň arasynda dürli  ýaryşlar yzgiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek hem-de kämilleşdirmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, institutyň talyplarynyň arasynda geçirilen sportuň “Stoluň üstünde oýnalýan tennis” görnüşi boýunça birinji orun Şadurdyýewa Maýsa, ikinji orun Şamyradow Kadyr, üçinji orun bolsa meniň paýyma düşdi. Şeýle hem biz hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar bilen hormatly rektorymyz tarapyndan sylaglandyryldyk. Bu ýaryşdaky ajaýyp netijeler biz talyp ýaşlara uly buýsanç berýär.

         Arkadagyň göreldesi,

         Sagdyn durmuş ýörelgesi.

-diýip, belläp geçmegimiziň sebäbi hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 20-sine Olimpiýa şäherjigine baryp sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, biz ýaşlara hut özüniň nusgalyk göreldesini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 2021–2025-nji ýyllar aralygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda ýaşlar baradaky bilim syýasatyny öňe sürüp, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde sportuň welotrek hem-de tennis ugurlary boýunça ýaryş geçirilmelidigini, oňa dünýäniň 40 döwletinden ýaş türgenleriň gatnaşmalydygyny aýtdy. Şol ýaryşda türkmen goç ýigitleriniň ýeňiji bolup, mähriban Arkadagymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemäge howlugýarys. Bu nukdaýnazardan ugur alyp, makalamyň şu ýerinde “Arkadagyň şygry ýürekde dessan, Öňe, öňe, diňe öňe Arkadag” diýip, mähriban Arkadagymyzyň biz ýaşlar üçin edýän atalyk aladalaryna jogap edesim gelýär.

Elbetde, bu ösüşleriň, wakalaryň ählisi ýüreklere joşgun, ylham berýär. Öz ýurdunyň ösüşlerine buýsanýan her bir adam onuň şanyna nämedir bir zatlary döredesi, onuň ösüşlerine goşant goşasy gelýär. Ol bolsa öz beýanyny sungata öwrülen döredijilik eserlerinde tapýar. Ýaňy ýakynda Institutymyzyň “Ylham joşguny” atly döredijilik toparynda zehinli ýaşlar berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp etmek bilen bir hatarda sagdynlyga, türkmen sporta bolan söýgülerini we öz ýürek buýsançlaryny döreden eserlerinde beýan etdiler we bu eserlerden “Bitaraplyk joşguny” atly kitap çykardylar. “Bitaraplyk joşguny” atly kitabymyzda talyp deň-duşlarymyň sesi belentden ýaňlanýar. Bu kitapda ýaş zehinler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, parahatçylygy, türkmen sportyny, sagdynlygy, dost-doganlygy çeper sözleriň üsti bilen hem-de ajaýyp surat eserleri bilen beýan etdiler.

Ýurdumyzda geçirilmegi maksat edilýän her bir sport çärelerinde biz talyplar öz ussatlygymyzy we başarnygymyzy gaýgyrmarys. Biz ýaşlaryň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

 

Täjigül AMANJAÝEWA, 

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu