“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

Bagtdan paýly türkmeniň ylham güzerine joşgun eçilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. Bu günki gün eziz Watanymyz dünýäde gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany, arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde tanalýar we ykrar edilýär.

Güneşli Diýarymyzyň sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň durmuşyndaky iň wajyp pursatlarynyň biri-de sahnada üstünlikli çykyş etmek bolup durýar. Sebäbi, tebigatyň kanunyna görä, her bir talyp ýekelikde-de topar bolup hem halypa mugallymlaryndan alýan bilimlerini sahnada ulanyp bilmegi başarmalydyr. Ýaşlygyna garamazdan, şular ýaly aýgytlaýjy pursatlaryny başdan geçirýän talyplar toparynyň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagtyýarlyk nagmalary» talyplar akapella toparydyr.

Biz bu toparyň çeper ýolbaşçysy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy» fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nowruz Täjow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

-Nowruz, ilki bilen seni «Bagtyýarlyk nagmalary» talyplar akapella topary bilen yzygiderli çykyşlaryň üstünlikli çykmagy bilen gutlaýarys. Geljekde sungat äleminde döredýän owazlaryň belentden ýaňlanmagyny arzuw edýäris!

-Sag boluň! Hormatly Prezidentimiziň sungata goýýan sarpasy uludyr. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda professional simfoniýa, opera sungatynyň dikeldilmegi şonuň mysalydyr, türkmen professional sungatyny dünýä ýaýmakda edýän bimöçber aladasynyň miwesidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly döredijilik joşguny, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan eziz Watanymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha belende galýan ajap döwründe professional saz sungatynyň ýaş ýerine ýetirijileri saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän eserleri döredýär.

Nowruz, «Bagtyýarlyk nagmalary» talyplar akapella topary hakynda gürrüň beräýseňiz.

-Biziň ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän «Bagtyýarlyk nagmalary» talyplar akapella topary 10 talypdan ybarat bolup, olaryň 5-si talyp gyzlardyr. Akapellanyň düzgüni boýunça biz öz aramyzda seslerimiz boýunça gyzlar – soprano, alt, oglanlar – tenor, bas ýaly dört topara bölünýäris. Bir aýdymyň dowamynda her bir ses topary özüne degişlilikde notalar boýunça aýdymy ýerine ýetirmeklik bilen tapawutlanýar. Biziň toparymyzyň dürli ses bilen aýdýan aýdymlary döredilen ilkinji gününden başlap tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylanylýar. 

-Nowruz, talyplaryň arasynda bular ýaly topar döretmäge näme sebäp boldy?

– Hawa. Bu topar ilkinji gezek 2016-njy ýylda talyp deň-duşumyz Şahzod Gulmyradowyň ýolbaşçylygynda çykyş edipdi. Ol çykyşyň diňleýjiler tarapyndan gyzgyn kabul edilmegi bizi topar bolup täze aýdymlar döretmäge ruhlandyrdy. Şeýdip, biz akapella topary bolup çykyş edip başladyk. 

– Nowruz, akapella hory hakda aýdyp berseň…

-Akapella hory çylşyrymly, köp sesli  hor bolup, ol sazsyz ýerine ýetirilýän eserdir. Esasy aýratynlygy polifoniki tehnikanyň her dürli usullaryny has inçelik bilen ýerine ýetirmek bolup durýar. G.S.Držewskiniň R.Seýidowyň sözlerine döreden akapella hor toplumy bu ugurdaky ilkinji eserdir. Häzirki wagtda bolsa akapella hory üçin ençeme eserler häzirkizaman kompozitorlar tarapyndan ýazylýar.

Siziň «Bagtyýarlyk nagmalary» talyplar akapella toparyňyz hor topary hasaplanýar. Hor sungaty bilen aýdym sungatynyň arasynda näme tapawut bar?

-Köklerini milli däp-dessurlarymyza salgylanýan hor sungatynyň aýratynlygy özünde ýerine ýetirijiligiň köpçülikleýin görnüşini saklaýandygynda hem-de tebigy wokal esasynyň ýönekeýligi eýeleýändiginde diýsem ýalňyşmaryn. 

-Seniň pikiriňçe, hor ýerine ýetirijiligiň başlangyçlaryny nämede görmek bolýar?

– Biziň gülläp ösýän ata Watanymyzda köp taraply hor sungaty halk aýdym-saz mirasyna pugta daýanmaklyk esasynda başlandy. Hor ýerine ýetirijiliginiň başlangyçlaryny aýal-gyzlaryň topar bolup aýdýan lälelerinde, toý däpleriniň oýun görnüşlerinde, şeýle hem köpçülik bolup ýerine ýetirilýän «Küştdepdilerinde» görmek bolýar.

– Ýurdumyzda hereket edip başlan ilkinji hor toparlary barada gürrüň beräýseň…

– Ilkinji professional hor toparlarynyň biri 1934-nji ýylda şol wagtky radiokomitetiniň ýanynda döredilip, ol 12 adamdan ybarat bolan erkekler horudyr. 1940-njy ýyldaşol wagtky döwlet filarmoniýasynda professional hor, 1941-nji ýylda bolsa, şol wagtky opera we balet teatrynyň hory döredilipdir. 

– Dogry. Saz sungatynyň şular ýaly çylşyrymly ugry hasaplanýan akapella sungatyny özleşdirmekde halypalaryň her bir sapagy genji-hazynadyr. 

– Hawa. Biziň ýokary okuw mekdebimizdäki mugallymlarymyz sazyň gudratyny açyp görkezýärler. Halypalarymyz Gurban Babaýew, Nury Muhyýew, Gülbahar Muhammedowa, Elena Skorohodowa, Rano Orunowa dagylar saz döredijiliginiň iň baý ugry bolan hor sazynyň inçe syrlaryny öwredip, halypalyk edýär. 

-Nowruz, sahnada has täsir eden pursatlar barasynda aýdaýsaň.

– Her bir adamyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursat bolýar. Biziň toparymyz üçin iň ýakymly pursatlar baýramçylyklara taýýarlyk pursatlary diýsem ýalňyşmaryn. Ýakynda mermer şäherimiz Aşgabadyň döredileniniň 140 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw jaýymyzyň 1-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň sözlerine “Aşgabat” aýdymyny ýerine ýetirmegimiz biziň toparymyzy hem begendirdi, hem jogapkärçiligimizi artdyrdy. Bu aýdymyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylmagy bolsa meni has tolgundyrdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täzeden dikeldilen professional saz sungatymyzyň muşdaklarynyň öňünde bu aýdymy toparymyz bilen agzybirlikde akapella görnüşinde ýerine ýetirmegimiz bize özboluşly synag boldy.

– Nowruz, däbe görä, her bir sungat ussady baýramçylyga täze eser bilen barýar. Siziň «Bagtyýarlyk nagmalary» talyplar akapella toparyňyzyň hem ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgady bardyr?! 

– Dogry aýdýaňyz. Baýramçylyga taýýarlanmak diýseň tolgundyryjy we jogapkäçilikli pursatlaryň biridir. Biziň toparymyz hem öz baýramçylyk sowgadyny täze aýdym eseri görnüşinde taýýarlaýar. Bize täze aýdymyň üstünde işlemäge ýardam edýän mugallymlar, şeýle-de deň-duş talyplarymyz bar. Sazymyzyň aranžirowkasyny talyp deň-duşymyz Ahmedow Azat ýazýan bolsa, sözleri boýunça talyp şahyrlarymyz bilen işleşýäris. Nesip bolsa, baş baýramymyza hoş owazly aýdymlarymyzyň naýbaşysy boljak täze aýdym taýýarlap, onuň ýerine ýetirilişi bilen diňleýjileri begendireris.

– “Guş ganatsyz, ynsan arzuwsyz bolmaz” diýlişi ýaly seniňem talyp ýüregiňde besleýän arzuwlaryň bardyr. Olar barada aýdaýsaň.

– Meniň esasy arzuwym sungat ojagymyz bolan ýokary okuw mekdebimizde üstünlikli okap, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup ýetişmeklik we hormatly Prezidentimiziň täzeden dikeldip beren professional saz sungatymyzyň akapella ugruny dünýä ýaýmak bolup durýar. Hormatly Prezidentimize türkmen professional saz sungatyna ak ýol açanlygy üçin, şol sungat äleminiň geljegi bolan biz – ýaşlara dünýä derejesindäki şeýle abraýly bäsleşiklere gatnaşmaga şert döredip, saýlan kärimizi kämilleşdirmegimize itergi berýänligi üçin minnetdarlygymyň çägi ýok. Pursatdan peýdalanyp, mähriban Arkadagymyza janynyň sag, il-ýurt bähbitli tutumlarynyň rowaç almagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.

– Arzuwlaryňyz hasyl bolsun, döredijilik äleminde uly-uly üstünlikler hemraňyz bolsun! 

– Sag boluň! 

 

Leýli SAPARGELDIÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň  mugallymy.