Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýa, pirim, Baba Gammar!

Irki döwürlerden bäri gündogar halklarynyň saz medeniýetinde atlary rowaýata öwrülen Gorkut ata, Baba Gammar, Aşyk Aýdyň saz sungatynyň hemaýatkärleridir (pirleridir). Olaryň atlary etnograflara, filologlara, folklorçylara, gündogar öwrenijilere bellidir, sazandalar olara aýratyn hormat goýýarlar. Olaryň arasynda Baba Gammar Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň halklarynyň gadymdan gelýän saz medeniýetiniň umumy kökleriniň biri-biriniň arasyndan eriş-argaç bolup geçýänligine şaýatlyk eden görnükli şahsdyr. Bu saz medeniýeti gündogar mirasynyň kökleriniň birligine garamazdan, ol her halkyň medeni mirasynda özboluşly beýanyny tapýar.

Şeýle uly sebitiň halklarynyň gadymy we orta asyr edebiýatlaryny W.Basilow, W.Winogradow, W.Uspenskiý W.Belýaýew ýaly etnograflar dürli ýyllarda öwrendiler. Baba Gammara hormat goýmak bilen olaryň umumy pikirlerine görä onuň keşbi has irki döwrüň halk hekaýalaryndan we rowaýatlaryndan dilden-dile geçip, kebşirlenip XIV asyrlarda has aýdyň ýüze çykýar. 
Baba Gammar deňi-taýy bolmadyk sazanda bolupdyr we onuň ady zehinli dutarçylaryň ussatlyk derejesini kesgitlemek üçin ulanylýar. Ol tarlary ýüpekden bolan, tut agajyndan bolan ilkinji dutary ýasapdyr, diýen halk arasynda ynam bar. Rowaýata görä ony ýasamakda geljekki ussa sazandanyň gulagyna «saz guralynyň gurluşy barada» keramatly «ses» eşidilipdir diýilýär. Şonuň üçin her bir dutarçy ussa ony kämilleşdirmekde öz akylyny we başarjaňlygyny ulanypdyr. Mirasa hormat goýmak bilen, ýaş türkmen sazandalary onuň ýatan ýerine we dutarynyň döwüginden gögeren agajyň ýanyna zyýarata gidip, «ak pata» alypdyrlar. Ol agajyň baldaklary hem dutara çalymdaş bolup, miwesi bolsa dutaryň kirişlerini çekýän «gulagyna» meňzeýär. Türkmen rowaýatlarynda Baba Gammar suwuň ýüzüne haly düşäp, onuň üstünde saz çalar eken, diýen geň-enaýy hekaýa bar. Bu bolsa ony gadymy mifiologiýalarda suwy hem aňladýan sazanda-bagşy Gorkut ata bilen baglanyşdyrýar. Saz bilen suw hadysasynyň arasyndaky baglanyşyk dünýäniň köp halk hekaýalarynda gürrüň edilýär. Rus Sadko bilen fin Wýaýnemaýneni ýatlalyň. Keltlerde «saz tolkunlaryň astyndan» diýen düşünje bar. Täjiklerde Gammaryň ady «ýagyş-süýdi ýollaýan», ýagny ýagmyr, gök gümmürdisi, ýyldyrym piri bilen baglanyşdyrylýar.
Mifiki keşbiň ady bilen atdaş güýz aýyndan başlap ýaz aýy aralygynda gijeki asmanda görünýän ýyldyz bolup, ol aý-gün hasabynyň belligi hökmünde ulanylypdyr, onuň gijeki asmanda döwürdeş ýyldyzlar toplumy bilen utgaşmagy bolsa, her aýyň başy diýilip hasaplanypdyr. Baba Gammaryň asmandaky ýyldyz bilen baglanyşdyrylýan manysy saha-ýakut hyýaly hekaýalaryndaky iri şahly mallaryň çopanlarynyň hemaýatkäri, kä adam kä-te ak bedewiň keşbinde göze görünýän Jesegeý-toyony ýatladýar. Russiýanyň günorta halklarynyň rowaýatlarynda, ýitip soňra täzeden peýda bolup ýüzýän adada, ak atlary bakýan, atlaryň hemaýatkäri hasaplanýan Gammar atanyň keşbi duş gelýär. Buny Taman ýarymadasynyň halk döredijiligini öwrenijiler belläp geçýär. Gündogar halk hekaýalarynda aýdylşyna görä Baba Gammar seýis bolupdyr we Ali halifyň iň gowy görýän atyny bakar eken, şeýle hem oňa aram-aram dutarda saz çalyp berer eken. At bolsa dutaryň sesini eşidip, «durup gussaly ýagdaýda saz diňleýär». Netijede, sazanda dutaryň jadylaýjy owazynyň bedewe edýän täsirini mejbury «peseldýär». Gazak medeniýetinde atlaryň we atbakarlaryň hemaýatkäri Žilkyşy-ata Kambar diýen keşbiň bardygyny hem aýtmaly. Alymlar suwuň, sazyň we atlaryň bir hyýaly keşpde jemlenýänligini belläp geçýärler. Bu ýerde gazak rowaýatyndaky deňiz atlarynyň hökümdary barada gürrüň gidýär. Gazak we türkmen mifini umumylaşdyrýan sebit – Hazar deňziniň ýakalary bolmaly. 
Baba Gammar Merkezi Aziýadaky medeniýetleriň ählisinde bellidir. Onuň ady bilen örän köp hadysalar, ýagny ýeriň-ýurdyň atlaryndan başlap epiki düzmeleriň, hekaýalaryň atlaryna çenli baglydyr. Gazak folklorynda şeýle bir ýüzlenme bar: «Eý, kölleriň, çölleriň we teşneligiň howandary çöldäki, ýoldaky ogluma ýardam et!». «Gammar-batyr» şadessanyndaky ol diňe bir iti we awçy guşy bolan awçy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, haýwanlaryň diline düşünýän keşpde janlandyrylýar. «Alikambar» atly gyzykly gadymy horezm instrumental pýesasy «Kambarkan» gyrgyz milli sazly žanryna meňzeşdir. Gyrgyzlarda Kambar – komuz saz guralyny döreden sazanda hem-de awçy. Ol şeýle beýan edilýär: bir günden bir gün ol öýüne dolanyp gelýär. Onuň ýoly beýik we gür agaç tokaýlygynyň üstünden düşýär. Ol, duýdansyz ýokardan nähilidir bir hoş owaz eşidýär. Ol her bir zadyň anygyna-şänigine ýetmegi, her bir zada akyl ýetirip, düşündirmegi halaýan, örän erjel adam bolany üçin: «Gel, men agaja dyrmyşaýyn, beýle owadan sesiň nireden geýýänligi ol ýerden gowy görüner» diýen netijä gelýär. Haçanda ol agajyň çür depesine çykanynda bir agaçdan başga bir agaja dartylan ýüplügi görýär. Öwüsýän şemal agaçlaryň şahalaryny yralaýar, şahalar bolsa ýüplüge degip owaz çykarýar. Ol biraz pikirlenip özüniň ilkinji saz guralyny ýasaýar. Agajyň saz guraly bilen baglanyşygy semireçen sebitinde: gadym zamanda Kambarhan awçy ýaşapdyr, diýip gazak rowaýatynda hem ýatlanylýar. Bir gezek ol awlan awuny pudarlap otyrka tötänden aw läşiniň galyndysyny agajyň üstüne oklaýar. Bir näçe wagtyň geçmegi bilen onuň ýene şol ýerlere aýagy düşýär we hiç bir haýwandan çykmajak täsin ses eşidýär. Daş-töweregine garanjaklap onuň sebäbine akyl ýetirýär. Şonda, Kambarhan agajy çapyp, ondan dombyra ýasap ilkinji sazyny çalýar. 

Türk-mongol medeniýetinde hem aw bilen saz baglanyşyklydyr. Awçylaryň ýanynda öz sungatlary bilen haýwanlaryň ruhy-hemaýatkäriniň «ünsüni sowmak» üçin, rehim-şepagatly bolmagy üçin kyssaçylar, bagşy-sazandalar gider eken.

Ömür ÝAGMYROW,
Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu